«Hazar 2019» ykdysady forumyna meýletinçi bolup bilmedim

Awazada 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda geçjek I Hazar ykdysady forumyna meýletinçi hökmünde gatnaşyp bilmeýärin. Sebäbi, uniwersitetimizdäki meýletinleri saýlap alyş topary tarapyndan ýazylşyk üçin bellenen soňky senesinden öň ýazylmaga ýetişmedim.

Geljekki halkara ykdysadyýetçiler, hukukçylar we diplomatlar hökmünde şeýle iri guramaçylyklara gatnaşyp, tejribe gazanmak biziň geljekki hünärimizde erjel bolmagymyz üçin zerur bolup durýar. Meýletinçilige saýlanmak üçin hasaba alyşa wagtynda ýazylan bolsadym, saýlanardym we soňam gowy goşant goşup bilerdim diýip berk ynanýaryn (öwünýän ýaly bolmasyn). Muňa delil hökmünde meýletinçi bolup öňki gatnaşan çärelerimi sanap bilerin: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Çagalar gaznasy ýaly guramalar tarapyndan geçiren birnäçe medeni köpçülikleýin çäreler, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty.

Birinji Hazar ykdysady forumy Türkmenistan döwleti tarapyndan geçirilýär. Bu forum hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ösüşinde esasy oruny eýelär. Höküment wekilleriniň duşuşyklaryndan başga-da, köpugurly sergi we tanyşdyryş dabaralarynyň bolmagyna garaşylýar. Şol sanda dürli ýurtlaryň nebitgaz, gurluşyk, energetika, oba-hojalyk, tehniki-inženerlik, tohumçylyk, gämi gurluşyk, suw tehnologiýalary, kommunikasiýa, kompýuter programma üpjünjiligi, logistika, himiýa önümleri, hojalyk önümleri, ulag hyzmatlary, saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlary boýunça hyzmat berýän kompaniýalarynyň sergisi geçiriler.

Bu dabara diňe bir sebitiň däl, eýsäm ýakyn gatnaşyklary saklaýan beýleki ýurtlarynyňam kompaniýalary gatnaşýar. Häzirki wagtda «Hazar-2019» çäklerinde 42 kompaniýa sergä gatnaşmak üçin isleg bildirdi.

Foruma döwlet derejesinde gatnaşýan döwletler Azerbeýjan, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan, Russiýa Ferderasiýasy we Türkmenistan.

Forum bilen baglanşykly maglumlatlar üçin  https://cefavaza2019.gov.tm resmi saýtyna salgylanyp bolýar.

Tomusky dynç alyşa çykyp, az-owlak gowşadym. Emma şonda-da geçirilýän esasy dabaralar barada gysga maglumatlar paýlaşmaga dowam ederin. Meýletinçi bolup saýlanan deň-duşlarymy tüýs ýürekden gutlaýaryn, işlerinde üstünlik arzuw edýärin.

Arzygül Balliyýewa,
Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok