Saglyk pudagyndaky soňky ösüşler üns merkezinde

Aşgabatda Saglygy goraýyş we derman  senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bosagasynda köpugurly çäreler toplumy geçirilýär. Şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisi, “Saglyk-2019” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Duşuşyklarda sebitiň we umumy adamzadyň bähbidine saglygy goraýyş pudagynda alnyp barylýan meselelere garaldy, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary barada tejribe alyşyldy.

Şu çäraniň çäklerinde Söwda-senagaty edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2019” atly sergi hem geçirilýär. 36 döwletden 200-den gowrak kompaniýa öz stendleri bilen çykyş edýän bu sergisi üç gün dowam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok