Türkmenistanyň ýygyndysy “H” toparçada çykyş eder

Futbol boýunça Dünýä Kubogynyň nobatdaky 2022-nji ýylda Katarda, Aziýa Kubogy bolsa 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriler. Bu iki ýaryşyň Aziýa yklymynda bolmagy aziýaly hökmünde bizi diýseň begendirmänem duranok. Iki bäsleşigiň gabatlaşýan, “çakyşýan” ýeri bolup, aslynda halkara futbol ýaryşlary biri-biri bilen bagly bolmaýar. Dünýä Kubogy aýratynlykda, şeýle-de yklym ýaryşlary aýratynlykda geçýär. Ýöne soňky 2 ýaryşdan bäri, ýagny öňümizdäki ýaryşlar bilen 2-nji gezek gaýtalanýan bu “gabatlaşma”, “çakyşma” bir okda 2 towşan urana meňzeýär. Aziýanyň futbol konfederasiýasy bilen FIFA-nyň ylalaşygy netijesinde iki ýaryşyň hem saýlama tapgyry bir wagtda oýnalýar. Russiýa 2018 Dünýä Kubogy hem-de Katar 2019 Aziýa Kubogy üçin ýola goýlan bu täze düzgün özüniň ilkinji synagyny şowly tamamlapdy. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy üçin bu täze usul oňaýly boldy. Türkmen futbolçylar saýlama oýunlarynda şowly çykyş edip, toparçada 2-nji ýeri eýeläp, taryhynda 2-nji gezek Aziýa Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Elbetde, ildeşlerimiz Dünýä Kubogyna çykyp bilmedi. Ýöne Aziýa Kubogyna gatnaşmak türkmen futbolçylaryna o diýen kyn düşmedi.

Şu gün mundan sähelçe salym ozal, ýene-de başda adyny agzan 2 ýaryşyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. 4-nji torbadan bijä goşulan türkmen futbolçylaryna paýyna yklymyň öňdebaryjy toparlary düşdi. Ildeşlerimiz “H” toparça düşüp, halkara 2 ýaryşa gatnaşmak ugrunda Günorta Koreýanyň, Liwanyň, Demirgazyk Koreýanyň hem-de Şri Lankanyň ýygyndylary bilen bije çekişdi. Toparlaryň ählisi bilen ozal duşuşyk geçiren Türkmenistanyň ýygyndysy Şri Lanka bilen geçiren öňki 4 oýnunda 3 gezek ýeňiş gazanyp, 1 sapar hem deňme-deň oýnady. Liwandan 2 oýunda-da asgyn gelen ildeşlerimiz Demirgazyk Koreýa bilen 6 gezek gabatlaşdy. Şolaryň 4-sinde asgyn gelen milli ýygyndymyz 2 oýunda-da deňme-deň oýnady. Günorta Koreýa bilen 3 oýunda duşuşyp, olaryň 1-inde türkmen futbolçylary, beýleki 2-sinde koreý futbolçylary ýeňiş gazandy.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň tälimçiligindäki milli ýygyndymyzyň  täze ýolagçylygy öňümizdäki sentýabr aýynda başlaýar. 5-nji sentýabrda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny öz meýdançasynda geçirer.

Beýleki toparçalara-da ser salsak, “A” toparçada Aziýa Kubogyny guraýjy Hytaýyň, Siriýanyň Filippinleriň, Maldiwleriň hem-de Guamyň ýygyndylary duşuşar. Toparçanyň esasy faworiti hytaýlylar bolup, olar diňe Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyry üçin göreşerler. “B” toparçada Awstraliýa bilen Iordaniýa esasy dalaşgär hasaplansa, Hytaý Taýpeýi, Kuweýt hem-de Nepal beýleki toparlardyr. “C” toparçada Eýranyň ýygyndysy gürrüňsiz esasy faworit. Yrak bilen Bahreýn 2-nji ýer ugrunda göreşseler, Gonkong bilen Kamboja aşaky orunlary eýelärler. “D” toparçada Saud Arabystany bilen Özbegistanyň 1-njilik ugrunda ýiti göreş alyp bararlar. Palestina, Ýemen hem-de Singapur toparçanyň beýleki ýygyndylary bolar. “E” toparçada Kataryň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň guraýjysy bolup, ol Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin bäsleşer. Toparçada Katardan başga-da Omanyň, Hindistanyň, Owganystanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndylary bar. “F” toparçany yklymyň iň öňdebaryjy topary Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen bir hatarda, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Mýanmanyň hem-de Mongoliýanyň toparlary özara güýç synanyşar. Toparçada 2-nji ýer ugurundaky göreş Merkezi Aziýanyň wekilleriniň arasynda geçer. “G” toparçada BAE öňe saýlansa, Wýetnamdyr Tailandyň Indoneziýa we Malaýziýanyň ýygyndylary çykyş eder. Her toparçada 1-nji ýeri eýelänler hem-de 2-nji orny alanlaryň iň gowy netije görkezen 4-si Dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşy dowam etdirerler. Aziýa Kubogy üçin bolsa 1-2-nji ýeri eýelänler ýaryşa gatnaşsa, aşaky orunlary eýelänler ýene-de saýlama duşuşyklaryny geçirmeli bolarlar.  

Ýeri gelende aýtsak, saýlama tapgyrynyň kalendary häzirlikçe belli bolman, ol ýakynda mälim ediler. Toparçalardaky duşuşyklaryň tertibine seredenimizde, oýunlar şu ýylyň 5-nji we 10-njy sentýabrynda, 10-njy we 15-nji oktýabrynda, 15-nji we 19-njy noýabrynda, geljek ýylyň 26-njy we 31-nji martynda hem-de 4-nji we 9-njy iýunynda oýnalar. 

“A” TOPARÇA: Hytaý, Siriýa, Filippinler, Maldiwler, Guam
“B” TOPARÇA: Awstraliýa, Iordaniýa, Hytaý Taýpeýi, Kuweýt, Nepal
“C” TOPARÇA: Eýran, Yrak, Bahreýn, Gonkong, Kamboja
“D” TOPARÇA: Saud Arabystany, Özbegistan, Palestina, Ýemen, Singapur
“E” TOPARÇA: Katar, Oman, Hindistan, Owganystan, Bangladeş
“F” TOPARÇA: Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Mýanma, Mongoliýa
“G” TOPARÇA: BAE, Wýetnam, Tailand, Malaýziýa, Indoneziýa
“H” TOPARÇA: Günorta Koreýa, Liwan, Demirgazyk Koreýa, Türkmenistan, Şri Lanka

Hajymyrat Söýünow,
sport žurnalisti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok