Tomusyň lezzetli pursatlary

“Aşgabat” seýilgähi tomus günleri adamdan doly. Çagalar «jagyl-da-jugul». Attraksiýonlara münmek üçin nobata duranlaryň yzy üzülenok. Jokrama yssy howa hem bu dynç alyşdan hiçkimi dändirenok.

15-nji iýulda agşam 19:45 töweregi hut şu seýilgähiň Medeniýet merkezinden umumy bildiriş berilýän mikrofonundan şeýle seslenme eşidilýär: “Çagalar! Gowy dynç alýasmy? … Siziň üçin garaşylmadyk sowgadymyz bar. Ýaşlar guramasy siziň üçin amfiteatrda şowhunly konsert hödürleýär. Bäsleşiklerimiz we sowgatlarymyzam bar. Ejeler, kakalar, sizem bu şowhundan galmaň! Hemmäňizi konserte tomaşa etmäge, medeni dynç almaga garaşýarys!”

Bildirişi eşiden dessine seýilgähde dynç alýan uly-kiçi hemme açyk amfiteatra tarap eňdi. Elektrik maşyn sürüp ýören, suwly çüwdürimde oýnap ýören çagalaryň birdenem dabara merkezine tarap ylgap gaýdyşyna nazaryň düşýär.

Sagat 20:00 boldy welin, dabaranyň alyp baryjy wäşiler sahna çykýar. Gülkili sahnalaryň tomaşaçylaryň göwnünden turup, turmajagyny biljek bolup sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Köpçüligiň göwnünden turmak aňsat iş däl. Emma seýilgähiň Medeniýet merkeziniň zehinli ýaş artistleri bu işi ezberlik bilen alyp çykýar.

Estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary hem märekäni joşdurýar. Sahnanyň öňündäki giňişlikde tans etmek üçin çagadan dolýar.

Gezek sowgatly bölüme geldi. Alypbaryjynyň elinde 20-ä golaý sowgat torbasy bar. Tomaşa edýän çagalaryň sany 200-den gowrak. Öz ýanymdan: “Bäh! Indi şujagaz sowgady bermek üçin bäsleşjek çagalary nädip saýlarka, ýa-da bu meseläni nädip çözerkä?!” diýip pikredýärin.

Ýok, men biderek ýere tolgunypdyryn. Alypbaryjy çagalary çagyrmak ýerine, ulylaryň arasyndan höwesjeňleri sahna çykarýar. Elbetde bu çagalaryň gyrbas bolup sahna çozmagynyň öňüni alýar. Ulylaryň bolsa hemmesi sahna çykmak üçin höwes edip duranok. Ilkinji ýaryş üçin höwesjeňleriň sahna çykmaklary beýle bir aňsat bolmady. Alyp baryjynyň ýumuşlaryna boýun bolmakdan ýüz öwrüp yzyna geçip oturanlar boldy. Emma olaryň ýerini höwesjeň beýleki tomaşaçylar derrewjik doldurýar. Ýöne şüweleň atmosferasyna öwrülen konserdiň ahyryna golaýlan pursatlarynda ulylaryň şatlyk-begenji has hem artdy. Çagalary bilen dynç almaga gelen ejelerem estrada aýdymlara goşulyp tans etdiler.

Belki hem, sowgatlar ulylara paýlandy, kiçileri näme üçin ýatdan çykardylar, diýýän bolmagyňyz ähtimal. Emma, çäräniň guramaçylary muny hem ýatdan çykarmandyrlar. Çagalar üçin 250 sany doňdurma paýlandy. Çagalaryň ýüzleri şatlykdan doldy.

Çagalar üçin tomusky dynç alyşdan ýatdan çykmajak pursatlaryna baý bolan bu şowhunly konsert Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan gurnaldy. Geňeşiň hünärmeni Kerimberdi Durdyýew: “Biziň esasy maksadymyz çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini ýola goýmak. Öňümizdäki şenbe güni, ýagny 20-nji iýulda Ertekiler dünýäsinde hem şeýle şowhunly dabara geçirmegi meýilleşdirýäris. Aşgabatda dynç alýan uly-kiçi herkime garaşýarys.”

Ýazgül Kakabaýewa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok