Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň medeniýet günleri dowam edýär.
Guramaçylygyň çäklerinde türkmen halkynyň entografiki häsiýetlerini görkezýän amaly-kaşaň sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi hem geçirildi.
Kitaphanalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen ýerli baş kitaphananyň binasynda forum geçirildi. Forumda iki halkyň taryhy, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp, maslahatlaşyldy. Şeýle-de bu ýerde entografiki eksponatlaryň, kitaplaryň we fotosuratlaryň sergisi hem geçirildi.
Siwasyň Atatürk medeniýet merkezinde türkmenistanly medeniýet işgärleriniň estrada, halk aýdymlary, folklor, tans çykyşlary ýerine ýetirildi.
Kinolenta muşdaklary üçin bolsa “At – myrat” kinofilmi ekranda goýuldy.
Siwasda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.
Teswirler