Robindranat Togor “Heläkçilik” romany

Robindranat Togor Hindistanyň meşhur ýazyjysy, şahyr, dramaturg, romançy hökmünde tanalýar. Meşhur ýazyjynyň birnäçe eserleri dünýä dillerinde terjime edilipdir. Ol diňe bir ýazyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hindi halkynyň saz sungatynyň ösmeginde uly işler bitirýär.

Onuň eserleriniň arasynda köp meşhurlyk gazanan eseri “Heläkçilik” romanydyr. Hindi eserlerinde we kinolarynda esasan hem diňe söýgi we durmuşy temalaryna içgin seredilýär. Bu roman hem söýgi, ahlak päkligi, maşgala gatnaşyklary barada, häzirki türkmen halkynyň durmuşy temasy bilen baglanşykly diýsekde ýalňyşmarys. Sebäbi her bir zat söýgi bilen başlanýar, şeýdibem durmuş söýgi bilen öz akymyna dowam edýär.

Bu romanyň esasy baş gahrymanlary Romeş bilen Hemnoli, Komolo bilen Nolinakhadyr. Romeş görmegeý ýokary bilimli hindi oglany, ol Hemnolini söýýär hem-de onuň bilen durmuş gurmak isleýär. Emma, Romeşiň bu arzuwlary puç bolýar. Kakasy oňa eýýäm başga ýerden gelinlik belläp goýandygyny hem-de Romeşiň tiziräk oba dolanyp gelmegini sargyt ýollaýar. Şeýlelik bilen Romeş näçe närazy bolsa-da kakasynyň diýenini etmeli bolýar. Ol kakasynyň bellän gyzy bilen toý tutmaly bolýar. Nika gyýylyp duranda welin olar hiç hili bir-birine seretmeýärler, diňe nikada Romeş öz aljak gyzynyň ady Suşiladygyny bilip galýar.

Romeş romanda birnäçe heläkçiliklere uçraýar. Muňa ykbalyň ýazan ýazgydy ýa-da ykbalyň heläkçiligi diýsek hem ýalňyşmarys. Esasan-da romanda hiç hili ýagdaýda-da iki taraplaýyn söýgi duýulmaýar.

Eger söýgi iki taraplaýyn bolmasa onda ol “Bir ganaty ýok guş” ýalydyr. Guşa uçmak üçin iki ganatyň zerur bolşy ýaly söýgide-de iki taraplaýyn söýgi ýagny, bir-birine mähirlilik, agzybirlik, sylag-hormat bolmalydyr.

Ýazyjy bu romanyny “Heläkçilik” diýip atlandyrmagy öz gahrymanynyň birnäçe ýalňyşlyklara ýol bermegi esasy sebäbidir. Eýsem durmuşda ýalňyşsyz, heläkçiliksiz ýol bolmaýar. Emma Romeş öz ilkinji söýen gyzy Hemnola ikinji gezek duşanda-da bagtly durmuşda ýaşamak hakda pikir etmän, gaýtam ilkinji söýgüsini elinden gidirýär. Bu bolsa gahrymanyň eserde iň uly ýalňyşlygy hem-de iň uly heläkçiligidir.

Dursun Durdyýewa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok