Aşgabat zehinleriň gözleginde: Ilýa Lurýew

Täsin zatlara gyzyklanýan mekdep okuwçysyna her ýerde duş gelip bolmaýar.

Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ilýar Lurýew birnäçe guralda saz çalyp bilýar, ýagny fortepiano, turba, akkordeon we gitar saz gurallary.

Emma, ony deň-duşlaryndan tapawutlandyrýan ýeke täk häsiýet munuň bilen çäkli däl.Ol bu saz gurallarda saz çalyp, olary ýazga alýar we tertiplije edip goşup montaž edýär. Netijede “bir adamlyk” orkestriň şekilli sazlary taýýarlaýar.

Ýazga almak prosesi üçin ilki bilen Ilýa meşhur bir aýdymy saýlap, seçip alýar. Soňra kamerany ýerleşdirýär, ses ýazgy enjamyny (bu işi onyň mobil telefony ýerine ýetirýär) sazlaýar we her elementi aýratyn ýazga alýar. Netijede şowly çykan ýazgylardan jemläp montaž edýär we internet giňişligine ýaýradýar.

Ashgabat.IN redaksiýasy bu ýaş zehin bilen söhbetdeş boldy. Hatda bu wideosöhbetdeşligiň hem redaktirlemesine özi goşant goşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok