Türkmenistanda soňky 3 günde internetdäki hereket 5 esse köpeldi

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda irden “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetleri aljak bolup Aşgabadyň dürli künjeklerinde ýerleşýän Türkmenpoçtanyň garamagyndaky 3 satuw nokadyny aýlandym. Sagat heniz 09:00 hem bolsa, bu gazetler eýýäm gutarypdyr. Sebäbi, bugünki gazetler müňlerçe ýaşlaryň ykbaly üçin möhüm bolan maglumat paýlaşyldy. 2019/2020 täze okuw möwsümi üçin ýokary we orta hünär mekdeplerine kabul etmegiň tertibi çap edildi.

Bu hereketlenme diňe bir gazetleriň satuwynda bolman, eýsem internet ulgamynda-da bolup geçdi. Ulanyjylylaryň artyşynda öz täsirini görkezdi. Dalaşgärleri gyzyklandyrýan internet salgylanmalaryna ýüz tutýan ulanyjylaryň sany adaty günlere garanyňda 250%, sahypalara giriş sany bolsa 500% artmak bilen soňky 90 günde iň ýokary görkezijilere çykdy. Soňky 3 günde bu san kadaly ýagdaýda dowam edýär.

Internet älemindäki bu hereketlenme,  trend temalaryň arasynda gyzyklanma bildirilýän ýokary okuw mekdepleriniň hem statistikasyny çykarmaga ýardam berdi. Soňky 3 günde  gözleg motorlaryň, sosýal medýanyň, bloglaryň hasabatynda iň köp salgylanma alan ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ilkinji orny eýeledi Şeýlelikde ilkinji 5 orny eýelän ýokary okuw mekdepleriniň sanawy  şu yzgiderlikde boldy:

  1. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
  2. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
  3. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
  4. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
  5. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Bu ýokary okuw mekdepleriniň iň trend temalaryň arasynda bolmagyna, talyplaryň sosýal medýadaky işjeňliginiň täsiri uly boldy. Arkalaşykly ýagdaýda paýlaşylan sahypa salgylary bary ýogy birnäçe sagadyň dowamynda müňlerçe adama ýetirildi.

2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda şol bir tertibi Mugallymlar gazet hem öz okyjylaryna ýetirdi.

Şu ýyl ýokary we orta hünär okuw merkezlerine talyplyga dalaşgärlik edýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy. Resminamalar 8 – 12 iýul aralygynda kabul ediler.

TDH-nyň habar bermegine görä bu ýyl ýokary okuw jaýlaryna ilkinji gezek talyp bolup bosagadan ätlejekleriň sany geçen ýylka garanda 3392 adam has köpdür. Ýagny 2018-nji ýylda 8850 adam kabul edildi. 2019-njy ýyl bolsa 12242 adam bolar. Bu sanyň 66 göterimi, has takygy 8054 sany talyp tölegli esasda bilim alar. Ýokary okuw mekdeplerinde 33 ugur boýunça ilkinji gezek talyp alynýar. Ilkinji gezek talyp aljak ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň Telekomunikasiýa  we informatika instituty bolup durýar.

Merdan Ataýew
TSTP Aşgabat şäher kommiteti

2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Tertibi :

Mugallymlar gazeti 08/07/2019
Нейтральный Туркменистан 06/07/2019
Türkmenistan gazeti 06/07/2019

Teswirler

Bilim ulgamynynyň täze trendleri — IN ASHGABAT

[…] Bu ýyl ýokary okuw jaýlaryna ilkinji gezek talyp bolup alnanlaryň sany geçen ýylka​ garanda… Ýagny 2018-nji ýylda 8850 adam kabul edildi. 2019-njy ýyl bolsa 12242 adam boldy.​ […]