Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu forum dünýäniň üns merkezinde bolup, şu ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlarda onuň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Şol konferensiýalarda bu forumyň ähmiýeti, ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki we Hazar deňziniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrmakdaky täze maksatlary dogrusynda çykyşlar edildi.
Bu forumyň işiniň gün tertibinde meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda “Hazar: innowasion tehnologiýalar” we “Türkmen sährasy-2019” sergileri we halkara maslahatlar geçiriler. Maslahatda dünýä möçberinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, nebit-gaz, elektroenergetika, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýa goýum taýdan özüne çekijiligiň ösüşiniň ýagdaýlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem forumyň çäginde bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine, aýratyn, ýörite we erkin ykdysady zolaklary, bilelikdäki kärhanalary döretmäge we ösdürmäge, şeýle hem sanly ykdysadyýete, kenarýaka döwletleriň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine, statistiki maglumatlaryň alşylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berler.
Hazar sebiti diňe bir kenarýaka ýurtlaryň özi üçin däl-de, beýleki döwletler, şol sanda GDA gatnaşyjy ýurtlar üçin hem işewürlik bähbitleriniň birleşdirilýän strategik merkezi bolar. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň işi ulag-logistik hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, şeýle hem sebit we sebitara söwda, ykdysady, syýahatçykyk hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti G. M. Berdimuhamedow Hazar ykdysady forumy geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edende – “Bu forum hökümetleriň, işewür we akademiki toparlarynyň agzalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda köptaraply gatnaşyklar üçin hemişelik hereket edýän çärä öwrülmelidir we ony Hazarýaka döwletleriniň her birinde gezekli-gezeginde yzygiderli esasda geçirmek zerurdyr” diýip belläp geçdi.
Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmegiň konsepsiýasy uly çäreleri öz içine alýar. Bu foruma gatnaşjak döwletleriň dürli derejedäki wekilçilikli toparlarynyň we şereket ýolbaşçylarynyň duşuşyklary guralar. Konsepsiýa görä, ozal gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde geçirilen işlere seljerme bermek üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda taraplaryň ygtyýarly edaralarynyň ministrleriniň duşuşygyny forumyň öň ýanynda, ýagny 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Seýle hem Hazarýaka döwletleriniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçiriler. Hazarýaka döwletleriniň işewürler Geňeşini döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda ylalaşyga taýýarlyk görülýär. Elbetde, bu forumy geçiriji döwlet hökmünde Türkmenistan guramaçylyk we maddy-tehniki üpjünçilik işini ýokary derejede alyp barýar.
Teswirler