28-nji iýunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy, diňe bir türkmen senagatynyň taryhynda däl, eýsem, senagat-innowasion ylmynda açyş boldy. Munuň şeýledigini daşary ýurtdan gelen myhmanlar hem bellediler. Hawa, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny ýerlikli peýdalanmak bilen Ýer ýüzünde ilkinji gezek tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmek ata Watanymyzyň dünýä ylmynyň depginine goşan ilkinji ädimidir. Dünýäde tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ekologik taýdan arassa benzin alýan ilkinji ýeke-täk zawod diýlip Ginnesiň Rekordlar kitabyna hasaba alnan toplumyň esasy aýratynlygy nämeden ybarat?!
Birinjiden, Ýagny iş ýüzünde geçirilen tejribede tebigy gazdan alynýan ECO-93 kysymly benzin bilen nebitden alnan benziniň hil taýdan häsiýetnamalary deňeşdirilende we olara baha berlende, ECO-93 benzini kämil ekologik häsiýetleri bilen tapawutlanýandygy kesgitlendi. Onuň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygynyň anyklanmagy howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu benziniň ulanylmagy, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän zyýanly ýanyk örtükleri azalyp, şolaryň tehniki taýdan hyzmat ediş dowamlylygy 2 essä çenli uzalýar. Bir söz bilen aýdanyňda, ilatyň saglygyny ekologiýa howplaryndan goramak esasynda ykdysady ösüşlere eýe bolmakda Türkmenistan sebitde nusga alarlyk döwlete öwrüler.
Ikinjisi, ykdysady nukdaýnazar. Ýagny gazyň eksportuna garanda, ýangyjyň bahasynyň girdejilidigini göz öňüne tutsak geljekde, has dogrusy, ýakyn wagtda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna garaşyp bolar. Gazanylýan ösüş bolsa halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň çeşmesine öwrüler. Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň mukdarynyň köpelmegi, hatda gazhimiýa önümlerine çenli bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmagy dünýä bazarynda gyzyklanmany artdyryp, senagat taýdan güýçli döwlet hökmünde ornuny güýçlendirer.
Üçünji artykmaçlyk, bu zawodda öndürilýän harydy ýerlemekde logistika meselesiniň ýeňil çözülmegi. Bilşimiz ýaly, tebigy gazy daşary ýurtlara satmak işi gaz geçirijileriň üsti bilen amala aşyrylýar. Muňa “Gündogar-Günbatar”, “Türkmenistan-Hytaý”, TOPH gazgeçirijileriniň taslamasyny mysal getirmek bolar. Emma gazdan alnan taýýar önümi, ýagny sintetik ýangyjy ýa-da suwuklandyrylan gazy artykmaç wagt sarp etmezden ýörite awtoulaglarda, demir ýol arkaly, şeýle-de deňiz üsti arkaly degişli ýerlere, beketlere tiz wagtda ýetirip bolýar. 28-nji iýunda Ahal welaýatynyň çäginden goňşy döwlet Owganystana ynsanperwerlik kömegi hökmünde demir ýol we awtoulag arkaly ugradylan tebigy gazdan taýýarlanylan benziniň hem suwuklandyrylan gazyň 1-nji iýulda bellenilen bekede barandygy baradaky habar aýdanlarymyzyň üstüni ýetirse gerek.
Şirin Şirliýewa
Teswirler