Tomus aýlarynda ýagyşly howa

2-nji iýulda irden aşgbatlylar bulutly we salkyn howada oýandylar. Birnäçe güniň jokrama yssysyndan soň, bu bir bada garaşylmadyk hadysa ýaly boldy. Ýagyş gije azrak sepelese-de, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň habar bermegine görä ýere düşen ýagyn mukdary 00.0mm. Bu sepelän ýagyş howanyň temperaturasyny salkylatsa-da, öňki ýyllardaky ortaça ýylylykdan pes bolmady. Öýländen soň bolsa bulutlar açylyp, howa adaty maýyllygyna öwrüldi.

Tomusda bize nähili ýagyşly howa garaşýanyny bilmek üçin öňki ýyllardaky statistikalara göz aýlalyň. Gidrometeorologiýa badaky gullugy habar bermegine görä öňki tomus aýlarynda şu senelerde ýagyş ýagypdyr:

  Iýun Iýul Awgust
2012 3, 11, 12, 19, 21, 23, 24 13, 14, 20,21, 24
2013 4, 12, 21, 27, 28 9, 10, 13 6, 9, 10, 23
2014 2,3,4,5,6, 11   23
2015 8 18,19, 31 24, 27
2016 1, 2, 3, 6, 8, 9, 12, 13, 22 4, 5, 13, 17, 27, 29, 30  
2017 9, 17, 19   11
2018 1, 3, 13, 14,    

2012-2018 ýyllarda tomus aýlarynda ýagyşly geçen günler

Görlüşi ýaly soňky 2 ýylda iýul aýak gurak geçse-de, öňki ýyllarda ýagyşly günlerem bolupdyr. Şu jähden nazara alanyňda edil iýun aýyndaky ýaly bolmasa-da, ýagyşly we howalaryň boljakdygyny aýdyp bolar.

2001-2018 ýyllar aralygynda tomus aýlarynda gije gündiziň dowamynda ýere düşen ýagyn sany köp ýagdaýda 00.0mm görkezýär. Umuman tablisa hökmünde ser salsak:

  Ýyly Ýagyn mukdary
Iýun 13.06.2016 19.8
Iýul 21.07.2012 34.8
Awgust 29.08.2009 6.2

2001-2018 ýyllar aralygynda tomus aýlarynda iň köp ýagyn ýagan günler

Şeýlelikde düýnki bulutly howa aşgabatlylara seginlik paýlasa-da, bu garaşylmadyk hadysa däl.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher kommiteti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok