Tokýo uçaryna münüp bilmedim

Sosial medýada Aşgabat-Tokýo uçuş kartasynyň we uçaryň gonuş pursatlaryndan paýlaşylan suratlara gabat geldi. Üns berip otursam bu suratlar asyl Türkmenistan howaýollarynyň ilkinji Aşgabat-Tokýo ugry boýunça uçuşy ýerine ýetiren uçardan paýlaşylan pursatlar eken. Metbugatda giňden habar edip berlen eken, emma men muňa üns bermändirin.

Bu täzelik türkmen-ýapon gatnaşyklarynda täze uly ädim bolup durýar. Bu ilkinji däl, we soňky hem bolmajagyny deliller görkezýär.

Taraplar birnäçe ýyl bäri dürli pudaklarda, şol sanda ulag, aragatnaşyk, bilim, ýokary tehnologiýalar, high-tech önümçiligiň guramaçylygy, dürli enjamlaryň we programmalaryň üpjünçiligi, iýmit senagaty, we  başga-da ugurlarda ýygjam gatnaşyklary dowam etdirýärler. Käbir ýokary okuw mekdepleriniň ýaponiýaly hyzmatdaşlary bar. Mysal alanymyzda Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersiteti bilen arasynda ikitaraplaýyn düşünişmek barada ähdnama gol çekdiler, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Tokio daşary ýurt ylymlar uniwersiteti bilen bilelikde öz kampusynyň çäklerinde Global Japan Office edarasyny açdy, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 37-nji we 144-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepler Ýaponiýanyň bilim ulgamy bilen alyp barýan bilen pikir alyşmalary sebäpli “türkmen-ýapon” mekdepleri diýip tanalýar. Ýapon dilini öwrenmek häzirki türkmen ýaşlarynyň arasynda örän ýörgünli. Şeýle-de ýapon dili orta we ýokary okuw mekdepleriň meýilnamasyna-da girizildi. On ýyllardan bäri bolsa Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda ýapon dili fakulteti hereket edýär.

Dil we medeniýet çalşygynda diňe ýapon tarapyndan bir taraplaýyn maýa goýum bar diýip pikredýän bolmagyňyz mümkin. Emma bu nädogry. 2016-njy ýylda HYYwÖU we TUFS arasynda gol çekilen iki taraplaýyn düşünişmek barada ähdnama esasynda Tokýo daşary ýurt ylymlary uniwersitetinde hödürlenýän okuwlaryň meýilnamasyna türkmen dili hem girizildi. Indi bolsa ýüzlerçe ýaponiýaly talyplar türkmen dilini gönimel bu diliň göterijileri bolan mugallymlardan öwrenmäge mümkinçilikleri bar.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda ýene bir gyzgyn tema: ertir, ýagny 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Anna güni tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy bolýar. Zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde degişli Ylalaşyga gol çekilidi. 2014-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna birnäçe halkara guramalarynyň wekilleriniň gelmegine garaşylýar.

Bu we beýleki taslamalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler merkezinde 2019-njy ýylyň 23-nji maýynda geçen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon nobatdaky 13-nji mejlisinde ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýeri, bu zatlary men näme maksat bilen aýdyp geçdim? Sebäbi, häzir Tokýoda jet lag (uzak ýoly syýahat edilende beden ritminiň üýtgemegi) ýagdaýda bolan egindeşlerimde jogaba garaşmaga sabrym ýetmedi. Şol sebäpli bu makala türkmen-ýapon gatnaşyklaryndaky ýol bellik daşy ýaly bir ýatlama ýazga öwrüldi.

PS: 2019-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda AFC Aziýa kubogynyň toparlaýyn duşuşygynda Türkmenistan milli ýygyndy toparynyň ilkinji duşuşygy ýaponiýaly garşydaşlary bilen boldy. Çekeleşikli geçen oýunda Ýaponiýanyň milli topary 3:2 hasabynda türkmen toparyny ýeňlişe sezewar etse-de, örän gyzykly oýun boldy. Ýigitler, siziň bilen buýsanýaryn!

Merdan Atayev
Ashgabat Committee of Industrialists’ and Entrepreneurs’’ Party of Turkmenistan

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok