Pyragynyň Watançylyk şygryýeti harbylara ylham boldy

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada harbylar üçin baýramçylyk konsert geçirildi. «Pyragyň arzuwlan zamany geldi» ady bilen geçirilen bu dabarada ýurdumyzyň harby aýdymçylarynyň we sazandalarynyň ýerine ýetiren çykyşlary bilen bezeldi. Çäräniň baş maksady gündogaryň beýik akyldary, ylymyň-bilimiň simwolikasyna öwrülen şahsyýet Magtymguly Pyragyny ýatlap geçmek, ýurdumyzyň harbylaryny onuň görkezen ýolunda watançylyk ruhunda terbiýelemek bolup durýar.

Guramaçylyga Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Aşgabat şäher Ýaşlar guramasy, Harby institut we Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary gatnaşdy.

Türkmenistanda her ýyl 27-nji iýun güni Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Medeniýet-sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy bellenilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok