Ebru nakgaşy Kubilaý Eralp Dinçer Aşgabatda

Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýi ýene bir halkara sungat ussadynyň eserleriniň sergisi guraýar. 19-njy iýunda açylyş dabarasynda Türkiýe respublikasynyň meşhur nakgaşy Kubilaý Eralp Dinçer we şägirdi Nilüfet Mutlu taýýar ebru suratlarynyň ýany bilen, gelen myhmanlara bu sungatyň taýýarlanşyny görkezdi.

Kubilaý Eralp Dinçer üçin bu daşary ýurtdaky ilkinji sergisi däldigini nygtaýar. Häzir bolsa ol Hytaý Halk respubliksasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilýän EXPO-2019 köpugurly sergisine taýýarlyk görýär.

Ol söhbetdeş bolanymyzda şeýle gürrüň berdi:

  – 2006-njy ýyldan bäri, Kadiköý etrabynda ýerleşýän ebru ussahanamyzda dürli önümlere ebrunyň şekilini geçirmek, ony döwrebaplaşdyrmak, höwes bildirýänlere ebru sungatyndan sapak bermek bilen meşgullanýaryn. Soňky ýyllarda internet üstünden alýan buýurmalarymyz esasynda, ebru eserlerini ýerine ýetirmekde ulanylýan boýaglary we esbaplary satmagy hem  ýola goýduk.   

Ebrunyň 20-ä golaý görnüşleri belli bolup, men esasan “Darakly ebru” görnüşini halaýaryn. Özümiň Marmara uniwersitetiniň biologiýa mugallymlaryny taýýarlaýan bölümini tamamlandygymy aýdanymda köplenç: “Ebru sungatynyň biologiýa bilen baglanyşygy ýok ahyryn?” diýen sorag bilen ýüzlenýärler. Emma, ilkibaşda ebru dersine girip, çotgamdaky boýaglary suwuň ýüzüne ýaýradan mahalym, ebrunyň ýyllardyr tejribehanalarda mikroskopyň aşagynda görmäge öwrenşen şekillerim bolan – janly öýjüklere meňzeýändigini görüp, haýran galypdym. Şeýle-de suwuň ýüzündäki basyşy ölçemek, reňkleriň biri-biri bilen garyşdyrylanda ýüze çykjak himiki täsirleşmelerden baş çykarmak üçin bellibir derejede fizikadan we himiýadan hem habarly bolmaly.

Ebru – ýörite taýýarlanan suwuň üstüne dökülýän boýaglaryň kömegi bilen  döredilýän sungat eseridir. Ilkinji nusgalaryna Merkezi Aziýada duş gelinýän ebru sungaty XIII asyrda Anadola baryp ýetenden soň, türk hatdatlary we nakgaşlary Osmanlylar döwründe ony kämilleşdirip, täze usullary emele getiripdirler. Ebru sözüniň “Ebr” sözünden gelip çykyp, parsçadan terjime edilende bulut diýmegi aňladýandygy aýdylýar. Sebäbi nakgaşyň duýgulary bilen bütinleşýän reňkleriň emele getirýän “tanslary” bulutlary ýadyňa salýar. Häzirki wagtda ebru sungaty kitaplaryň içini we daşyny bezemekde, hatdatlykda, tekstil önümçiliginde, gap-gaçlary bezemekde giňden ulanylýar. Ebru sungaty bilen meşgullanýanlar onuň rahatlandyryjy häsiýetiniň bardygyny hem nygtaýarlar.

Sergi öz işini 22-nji iýuna çenli dowam etdirer.              

Ýazgül KAKAGELDIÝEWA

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok