Tähranda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär

Eýran Yslam respublikasynyň paýtagty Tähranda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirildi .  16-njy iýunda «Talar-e Wahdat» medeniýet merkezinde açylyş dabarasy boldy. Dabarada EYR-yň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynyň ýolbaşçysy Abuzar Ebrahimi Torkaman we Türkmenistanyň medeniýet ministri çykyş etdi. Çykyşlardan soňra, konsert geçirildi. Konsertde türkmen milli aýdym-saz we tans sungaty görkezildi.

«Niýawaran» medeniýet köşgünde bolsa türkmen halkynyň amaly-kaşaň sungatynyň eserleri, türkmen saz gurallary,  gelin-gyzlaryň bezegleri (asyklar, bukawlar, bilezikler), bedew atlarynyň dürli bezegleri muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi.

Günüň ahyrynda agşamlyk iki Türkmenistanyň medeniýet ministrniň EYR-yň medeniýet we yslam işleri ministri Seýid Abbas Salihiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Medeni gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň ýene biri 17-nji iýunda geçirildi. Irden ýurduň merkezi kitaphanasynda EYR-yň Prezidentiniň medeniýet meseleleri boýunça maslahatçysy hanym Aşraf Borujerdi türkmenistanly medeniýet wekilleri bilen pikir alyşdy. Güntertibiniň esasy meselesi gadymy golýazma eserleriniň, hatdatçylyk sungatynyň eserleriniň restawasiýa işlerinde hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek barada boldy.

Şol bir wagtyň özünde «Khane Honarmandan» medeniýet merkezinde iki ýurduň muzeý  işgärleriniň, sungaty öwrenijileriniň

we senetçilik sungatynyň ussatlarynyň «Milli mirasyň gönezligi» atly maslahaty geçirildi.

Eýranly kinosungatynyň muşdaklary üçin «At — myrat» atly kinofilm ahalteke bedewleri baradaky çeper film görkezildi.

EYR-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok