Eldar we Zulfiýadan muşdaklaryna ýatdan çykmajak konsert

Düýn “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde ýene bir ajaýyp konserti Eldar Ahmedow we Zulfiýa Jumabaýewa bilen şowhunlandy. Menem mahabatyndan täsirlenip tomaşa etmäge bardym.

Bu şowhuna paýtagtymyzyň köp ýerinden ýaşaýjylarymyz we ýaş oglandyr gyzlar tomaşa etmäge geldiler.  Konsertiň başynda Eldar Ahmedow özüniň söýgi aýdymlary bilen çykyş etdi.

Gyzyklandyrmany artdyrmak üçin, öýjükli telefonlar arkaly sms üsti bilen aýdymçy Eldar Ahmedowa we Zulfiýa Jumabaýewa soraglar berildi.

Tomaşaçylardan gelen soraglar konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. Jady sesli aýdymçy gyzymyz hem söýgi aýdymy bilen dowam etdi. Bu konsertiň aýratyn tapawudy baýrakly utuşly konsert bolmagydyr.

Sowgatlar ýörite aýdymçy Zulfiýa Jumabaýewa tarapyndan taýýarlandy. Konsertiň başynda we dowamynda ýaryşyň şertleri aýdyldy. 3-nji ýeriň baýragy ýumşak oýnawaç (aýyjyk), 2-nji orunyň baýragy bluetoothly nauşnik, 1-nji ýere bolsa, S10 smartphone.

Ilki bilen 2-nji orun üçin ýaryş gyzgalaňly ýagdaýda gurnaldy. Ýaryşyň şerti şeýle: Zulfiýa Jumabaýewanyň islendik aýdymyny sakynman ýerine ýetirmek. 2 sany höwesjeň gyzlar çykyp, ýaryşdylar we ýeňijiniň baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra ýene aýdymçylarymyz bilen konsert dowam etdi. 3-nji orun ýumşak oýnawaç üçin hem ýaryşyň şerti aýdyldy. Zalyň içinden islendik agzalan elementi ilkinji bolup tapmak şerti bilen hem ýeňijä öz sowgady gowşuryldy.

Gynansak-da gyssagly gaýtmaly boldum. Şol sebäplem esasy utuş, ýagny smartphone kimiň paýyna nähili şertde berlenini bilmän galdym.

A.A., Aşgabat

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok