Türkmenistanyň oba hojalyk institutynyň talyby Musabek Narbaýew, Ylymlar günine bagyşlap ýaş alymlaryň arasynda geçirilen ylmy taslama bäsleşigine gatnaşdy.
Ol öz taslamasy barada şeýle gürrüň berdi:
Bäsleşige “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly sortlaryny öwrenmek” atly ylmy işim bilen gatnaşyp, 3-nji orna mynasyp boldum.
Öňden ekilip gelinýän sortlar belli bir derejede wagtyň geçmegi bilen biologiki taýdan hapalanýar. Biologiki taýdan hapalanmagyň netijesinde bolsa onyň hassyllygynyň hili we mukdary peselýär. Şol esasda bugdaýyň ýokary hilli bol hasylly, daşky gurşawyň amatsyz şertlerine durnukly sortlaryny ýüze çykarmak, ýygnalan güýzlük bugdaý tohumlaryny öwrenmek, gowy nusgalary saýlap almak we iň gowy nusgalary geljekde täze sort döretmekde ulanmak şu ylmy-barlag işimiň täzeligi bolup durýar.
Men şu ylmy işimi Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw tejribe hojalygynda 2015-2019-njy ýyllar aralygynda geçirdim.
Ylmy işimde 45 sany nusgadan ýagny ýurdumyzda ekilýän (Juwan, Batko, Wassa ýaly) güýzlük bugdaýyň sortlaryny we beýleki ýerlerden getirilen güýzlük bugdaý nusgalarynyň kolleksiýasyndan peýdalandym. Olaryň içinden standart sort edip Sähraýy sortuny saýlap aldym. Ylmy-barlag işimiň takyklygy has ýokary bolar ýaly saýlanyp alynan güýzlük bugdaýyň nusgalary Meýdan tejribesinde jemi 45 wariantda 4 gaýtalanmada öwrenildi. Has gowy gögeren, gyşa durnuklylygy hem-de beýleki hojalyk aýratynlyklary boýunça birnäçe nusgalar tapawutlandy. Tapawutlanan nusgalary hasyllygy boýunça deňeşdirip olaryň has gowylaryny täze sort döretmek üçin ulanarys.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Ýazgül Kakageldiýewa
Teswirler