Köpugurly halkara maslahat öz işine başlady

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ylymlar güni” mynasybetli halkara maslahat öz işine başlady.  “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” ady bilen geçirilýän bu maslahata dünýäniň 22 döwletinden 29 alymdyr professorlar gatnaşýarlar.

Maslahatyň ilkinji gününde Kwesitadze Giorgi (Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti), Ýudji Masumoto (Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň professory), Pena-Boget Ýolanda (Ispaniýanyň Santýago de Kompostela uniwersitetiniň professory) çykyş etdiler.

Öňe çykan temalar:

“Aral kölüniň sebitinde topraklary dikeltmegiň biotehnologiýasy”,

“Pnewmoniýa bilen näsaglan çagalarda geçirilen ylmy barlaglar we alnan netijeler”,

“Wirtual elektrobeket- konsepsiýasynyň aýratynlyklary”,

“Kremniý esasynda ýarymgeçirijileriň täze toparyny almak” temalarynda çykyş etdiler.

Maslahatdan soň daşary ýurtly myhmanlar Magtyguly adyndaky TDU-da geçirilen “Ýaş alym” bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşuryş dabarasyna gatnaşdylar.

Halkara maslahat dowam edýär.

Halkara maslahatyň 2019-njy ýylyň 13-nji iýundaky gün tertibi:

I Bölüm

Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary, fizika, matematika

Geçirilýän ýeri: Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti
Başlyklar: Ziýamuhammedowa Umida Aližanowna (Özbegistan), Ataýew Azat (Oguz han adyndaky ITU-nyňylmy işer boýunça prorektory)
Kätip: Çopanowa Ogulnar Garýagdyýewna (Tehnologiýalar merkeziniň esasy hünärmeni)

II Bölüm

Oba hojalyk, ekologiýa we biotehnologiýa

Geçirilýän ýeri: Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi
Başlyklar: Sirotin Stanislaw Petrowiç (Bolgariýa),
Gurbannyýazow Muhammetöwez Aşyrowiç (Tehnologiýalar merkeziniň direktory)

Kätip: Rahmanowa Altyn Kakabaýewna (Oguzhan adyndaky ITU-nyň mugallym-öwrenijisi)

III Bölüm

TÄZE SENAGAT-INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY

Geçirilýän ýeri: Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Başlyklar: Sugirow Džiýenbek Umirzaýewiç (Gazagystan),
Öwezow Muhammetrahym (HNwGU-nyň ylmy işler boýunça prarektory )
Kätip: Ataýew Patşaguly (HNwGU-nyň kafedra müdiri)

IV Bölüm

Ykdysady ösüş, hukuk, halkara hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk

Geçirilýän ýeri: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Başlyklar: Solowýow Wýaçeslaw Pawlowiç (Ukraina), Ataýew Orazberdi (TDYwDI-nyň ylmy işler boýunça prorektor)
Kätip: Kerimberdiýewa Şemşat Amangeldiýewna (TDYwDI-nyň okuw bölüminiň başlygy w.w.ý.ý.)

V Bölüm

Lukmançylyk we derman öndrmek, sport

Geçirilýän ýeri: Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Başlyklar: Haşem Fatma (Müsür),
Myratnazarowa Nargözel Altyýewna (TDLU-nyň ylmy işler  boýunça prorektory)
Kätip: Taganowa Nargiza Abdyreimowna (Lukman)

VI Bölüm

Ynsanperwer ylymlary

Geçirilýän ýeri: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Başlyklar: Kuliýewa Ragilýa (Azerbaýjan),
Annaýew Gulgeldi (TDU-nyň ylmy işler boýunça prorektory)
Kätip: Annagulyýewa Maral Muhammedowna (H. Derýaýew ad. Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy)

Maýa Ýazmyradowa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok