Özbegistan Respublikasynyň «Yoshlar Ittifoqi» ýaşlar guramasynyň wekilleri paýtagtymyzda iş saparynda boldy. «Yoshlar Ittifoqi» guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Begmat Oçilow toparyň ýolbaşçysy bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşini ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.
Duşuşyklar tamamlandan soňra wekiliýetiň agzalary «Talyp joşguny – 2019» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyryna, «Ylymly ýaşlar – Berkararlygyň binýady» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigine gatnaşdylar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlary ýygjam gatnaşyp, özara tejribe alyşýarlar. 2018-nji ýylyň aprel aýynda Daşkent şäherinde iki döwletiň ýaşlar guramalaryň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi (çeşme: TDH).
«Kamolat» ýaşlar sosial hereketi 2017-nji ýylyň iýul aýynda soňlandyryldy we ýerine «Yoshlar Ittifoqi» ýaşlar guramasy döredildi. Häzirki wagtda bu guramanyň 6 milýondan gowrak agzasy bar.
«Yoshlar Ittifoqi» guramasynyň resmi saýty: http://yi.uz.
Teswirler