Onlaýn petek almak üçin çeken jebrim

Aşgabatdan başga şähere otla petek almak üçin demir ýol menziline bardym. Kassanyň nobatyndan ýaňa aýak basara ýer ýok. Tomusky dynç alyş sebäpli hemmeler bir ýerlere barýar. Kimisi dynç alşa, kimisi saglygyny dikeltmäge, kimisi bolsa öz dogan-garyndaşlaryna myhmançylyga barýar. Umuman tomsuň geleni belli bolýar.

 Dogrymy aýtsam, nobatda durup wagt ýitirmegiň ýerine petegi ýa Türkmenpoçtadan almagy, ýa-da täze internet hyzmatyndan peýdalanmagy ýüregime düwdüm. Dogrusy, henizem halk köpçüliginiň wokzal kassalaryndan başga ýerde petekleriň satylýandygyny bilmeýändigini geň gördüm.

 Smartfondan internede girmäge mümkinçilik bolsa-da, kompýuter arkaly internet ulanmagy özüme oňaýly göremsoň, edara baryp internede birikdirilen kompýuteriň başyna geçdim. Soň brauzerda www.railway.gov.tm saýtyna girdim. Bir kupe , ýagny 4 adamlyk maglumatlary girdim, nobatdaky sahypa dowam etjek bolanymda ýalňyşlyk ýüze çykdy. Girilen maglumatlarymy gaýtadan girmeli boljagyma zeýrendim. Şol sebäpli ýalňyşlygyň sebäbini gözledim.

Takyk bilmeýärin, emma meniň pikrimçe şol brauzerde işläp duran goşundynyň (extension) sebäp bolandygyny çaklap, ony öçürdim. Ädimleri gaýtaladym. Soňky ädim tölege gezek geldi. Bu ýerde meniň Altyn asyr kartymyň arkasynda CVV (karty anyklaýyş sany) belgisi çap edilmändigine göz ýetirdim. Şol sebäpli tötänden 3 san girizdim. SMS arkaly tassyklansa-da, töleg amala aşmady. CVV belgi hökmän gerek eken.

Bank howpsuzlyk maksady bilen öňki kartlarynda bu belgini ýerleşdirmändir. Emma muny bankomatdan sms arkaly üpjün ediler ýaly hyzmatlary bar eken. Emelläp bank bilen habarlaşyp CVV belgimi aldym. Üçünji synanşykda üstünlikli amala aşdy.

Dört sany (2 uly we 2 çaga üçin) petek gidiş we gaýdyş ähli çykdajylary bilen 282.00 TMT tutdy. Elektron petekleri otly belki tiz eltýän ulag bolmasa-da, amatly we oňaýly. Täze hyzmaty bilen has hem ýeňillik döredildi.

Meniň häzirlikçe etjek belliklerim:

1) Müşderiniň özi boş ýerleri görüp, saýlap bilýär. Muny wizual ýagdaýda görkezipdirler. Emma,  bir ýer belläp, amala aşmadyk pursatynda (internet kesilip, käbir applikasiýalar açyk galyp) şol ýerleriň “garalyp” galýandygyny, şol sebäpli gaýtadan alyp bolmaýan eken. Şeýlelik bilen, 2 küpäni artykmaç eýeläp goýdum.

2) Brauzeriňizde goşundy kömekçiler (extension) işletmegi maslahat bermeýärin.

3) Häzirki wagtda diňe 1 ýa-da 2 wagony onlaýn satyn alyp bolýar. Şol sebäpli petek almak işini soňky pursatlara goýmazlyk maslahat berilýär. Onlaýn petek alýan müşderileriň sany köpelen ýagdaýynda bu wagonlaryňam sany köpelmegi mümkin.

3) Petekleriň elektron (pdf) görnüşleri her bir ýolagçynyňky aýratyn dropdown (aşaklygyna açylýan) menýusy hökmünde hödürlenýär. Edil şol bir wagtda müşderiniň öz elektron poçtasyna-da ugradýar. Elektron poçta salgyňyzy ýalňyş girmäň. Gelenler bukjasynda görünmese Spam bukjasyny görüň. Şonda-da ätiýaçdan öz enjamyňyza geçirip goýuň. Sebäbi yza gaýdyş ýok, petekler ulgamda dursa-da, muňa müşderi tarapyndan el ýeterlilik ýok. Muny gaýgy etmek gerek däl. Kassa baryp resminamalaryňyzy görkezseňiz, çap edip bererler.

Umuman, tomusy sag-aman geçiriň!

Merdan Ataýew

Teswirler

Maksat

Salam Merdan, menem başda kösendim, ýöne vpn-im açyk eken. VPN açyk bolsa bankyň sahypasyna geçenok eken. Başga ýerinde problema ýok, esasy sws kodyňy bilseň bolýar. Jebir çekeniňem öz günäň ekendä))) Soň, men demirýola jaň etdim, diňe 2 wagon online satlyk däl eken, ähli wagonam online satylýar. Sen turkmenistanairlines.tm girip bilet aljak bolup gor hany)