DALAŞGÄR-2019: Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

www.IUHD.edu.tm
www.iuhd.edu.tm

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek synaglaryna az wagt galdy. Talyp dalaşgärleri özleriniň isleg bildirýän ýokary okuw we ýörite orta hünär mekdepleri bilen tanyşmaga dowam edýär.

Mekdepleriň “Açyk gapylar güni” çärelerinde, raýatlar we ýaşlar giňden tanyşmaga mümkinçlik gazandylar.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda ilkinji okuw möwsümine başlan Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti öz resmi saýty bilen internet giňişligine goşuldy. Bu täze açylan www.iuhd.edu.tm saýtynda, uniwersitete degişli ähli maglumatlary tapyp bolýar. Okadylýan hünärler, talyp guramalary, kampus durmuşy, wşm.

Şeýle-de bu uniwersitet ýurdumyzda we halkara sebitde uly abraýdan peýdalanýar. Bilim, sport ugurlary boýunça milli we halkara iri ýaryşlarda medally orunlary bar.

Galyberse-de şu ýyl bu bilim ojagy ilkinji uçurymlaryny berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok