Tomus üçin maslahatlar

Tomus üçin maslahatlar

Tomus dynç alyş möwsümi bolsa-da, dynç alynan wagty üns bermeli käbir kadalar bar. Bulary bilmek saglyk we fiziki abatlyk üçin zerur bolup durýar.

1) Gyzgyn günüň aşagynda kän wagt geçirmeli däl. Wagtyňy saýada geçirmeli, saýawanlardan peýdalanmaly ýa-da kellä bir zat geýip çykmaly. Gün geçme ýa-da burun ganama ýagdaýlary bolup biler.

2) Burun ganama ýagdaýynda burnyň üstüne buz goýmak, maňlaý we ýeňsäni sowuk suw bilen ýuwmak maslahat berilýär.

3) Yssy howada bedende suw ýitgisi köp bolýar. Ýygy-ýygydan suw içip durmaly. Buz ýaly sowuk suw içmeli däl. Ýanyňyz bilen hemişe suw göterip gezmek maslahat berilýär.

4) Yssy howada mikro-organizmler çalt ýaýraýany üçin elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak maslahat berilýär. Çygly el süpürgeçleri hem ýanyňyzda göterip bilersiňiz.

5) Güniň gyzgyn wagtlarynda açyk howada sport bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Güniň gyzgynlygy ýürek urşyna agram berýär.

6) Açyk reňkli eşik geýmek maslahat berilýär. Gara reňkli eşikler gyzgyny özüne çekýär.

7) Güne garşy goraýan gara äýnekleriňiz polirizlenen (gün şöhlelerini yzyna ugradýan) bolmaly. Pes hilli gara äýnekler gözüňize zyýan berip biler.

8) Miweleri, ir-iýmişleri saýlap we arassalap iýmeli. Miwäniň göni yzyndan suw içmegiň netijesinde iç geçme emele gelip biler.

9) Suw howdanlarynda, kanallarda, deňizde suwa düşüp dynç alanynyňyzda seresap boluň. Çuň ýerlere girmäň. Suwly dynç alyş nokatlarynda ýerleşdirilen belgileri we duýduryşlary dykgata alyň we berk berjaý ediň.

10) Dok garna suwa düşmek saglygyňyz üçin howplydyr. Iýip içenden soň siňdiriş ulgamyna maý bermeli. 30 minut – 1 sagat soň suwa düşmeli. Içki organlara agram berip, damar çekme ýagdaýlary döräp biler.

11) Deňiz kenarynda dynç alýanlar üçin güne garşy goraýan krem ulanmagy ýatdan çykarmaň.

12) Egin we burun derileriniň güne ýanan halatynda gatyk çalnyp biliner.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok