«Teltronic​» Türkmenistanyň möhüm pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär

Ispaniýanyň “Teltronic​” kompaniýasy Türkmenistanyň ulag, nebit-gaz toplumy we dag-magdan senagaty ýaly strategik ähmiýetli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda uly mümkinçilikleri görýär. Bu barada “Trend” habarlar agentligine kompaniýanyň marketing we korporatiw aragatnaşyklar boýunça menejeri Migel Simon Ramiro​ maglumat berdi.

Onuň aýtmagyna görä, “Teltronic​” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär we ýerli hyzmatdaşlar, tehnologiýa ugurdaşlary hem-de degişli edaralar bilen bilelikde işleşmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Kompaniýa ýurduň milli ösüş maksatlaryna laýyklykda möhüm aragatnaşyk we senagat ulgamlary üçin döwrebap hem-de ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan çözgütleri ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Aragatnaşyk ulgamlary boýunça 50 ýyldan gowrak tejribesi bolan “Teltronic​” kompaniýasy Türkmenistanyň milli infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri goldamaga taýýardygyny belledi. Habarda nygtalyşy ýaly, kompaniýa TETRA​ tehnologiýasyny täze nesil giň zolakly çözgütler bilen utgaşdyryp, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň durnukly we ygtybarly işlemegini üpjün etmegiň toplumlaýyn çemeleşmesini hödürleýär.

“TETRA​” (Terrestrial​ Trunked​ Radio) — 1995-nji ýylda Ýewropanyň Telekommunikasiýa Standartlary Instituty (ETSI​) tarapyndan işlenip taýýarlanan we tassyklanan hünär derejeli sanly ykjam radioaragatnaşyk ulgamydyr. Bu tehnologiýa döwlet edaralary, adatdan daşary ýagdaý gulluklary, ulag hem-de senagat pudaklarynda ulanyjylaryň zerurlyklary üçin niýetlenendir.

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok