Türkmen alymlary bitum emulsiýasyny​ öndürmek boýunça täze tehnologiýa işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg gurallary barlaghanasynyň alymlary ýerli çig maldan bitum emulsiýasyny​ öndürmegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu taslama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy tarapyndan patentlenip​, awtorlyk hukugy şahadatnamasy bilen tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH​) habar berýär.

Tehniki ylymlaryň kandidaty, barlaghana müdiri M​.Hudaýberdiýew​, şeýle hem ylmy hünärmenler D​.Gadamow​ we A​.Pirmedow​ tarapyndan geçirilen toplumlaýyn ylmy we tejribe işleri netijesinde, düzüminde 40 % bitum, 48 ,8 % suw, 10 % erediji madda, 0 ,6 % duz kislotasy we 0 ,6 % emulgator​ bolan özboluşly bitum emulsiýasy​ alyndy. Bu emulsiýa ýol gatlaklarynyň gowy birleşmegini üpjün edýär, jaýryklary ýapmakda we asfalt ýollardaky çukurlary bejermekde üstünlikli ulanylyp bilner.

Bitum emulsiýasy​ ýol gurluşygynda we abatlaýyş işlerinde giňden peýdalanylýar. Onuň esasy ulanylyş ugurlary şulardan ybarat:

Asfalt ýollarynyň gurluşygy – bitum emulsiýasy​ ýoluň berkligini we uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýär.

Ýol abatlaýyş işleri – çat açylan we zaýalanan asfalt gatlaklaryny bejermekde ulanylýar.

Tozan basan ýerleri goramak – tozanly ýollary we gurluşyk meýdançalaryny tozdan goramak üçin peýdalanylýar.

Sowuk asfalt ulanmak – emulsiýa sowuk ýagdaýda hem ulanylyp bilinýändigi üçin, islendik howa şertlerinde ýol abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Suw geçirmeýän gatlaklar – köprülerde, howa menzillerinde we beýleki gurluşyk desgalarynda izolýasiýa materialy hökmünde ulanylýar.

Mundan öň, Türkmenistanda ýol gurluşygy we ýollary abatlamak üçin ulanylýan bitum emulsiýasynyň​ belli bir bölegi daşary ýurtlardan getirilýärdi. Täze tehnologiýa ýerli çig maldan ýokary hilli bitum emulsiýasyny​ öndürmäge mümkinçilik berip, ýurduň daşary ýurt üpjünçiligine garaşlylygyny azaldar we ýerli ýol gurluşygy üçin täze mümkinçilikleri açar.

Seýidaly Serdarow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok