Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, maliýe-bank, medeni-ynsanperwer ugurlarda, senagatda, umuman, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikleri gazandy. Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri hem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrydyr, çünki bu sene türkmeniň buýsanjy we guwanjy bolan milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilen günüdir. Şol wagtdan başlap, ýurdumyzda özbaşdak ykdysady syýasat we onuň düzüm bölegi bolan pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde, bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi.
Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösdürilýär, bazar gatnaşyklaryna ynamly geçilýär, işewürleriň ýokary netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Bank ulgamy tarapyndan pul dolanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan bank kartlaryny ornaşdyrmak we amallary menzilara dolandyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň has kämil görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmak we ýerlerde ýeterlik möçberde bank hyzmatlarynyň töleg terminallaryny ýola goýmak bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Elektron töleg ulgamynyň ornunyň barha ýokarlanmagy diňe bir tölegleriň tiz wagtda amala aşyrylmagyna mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, serişdeleri tygşytlamaga we tölegleriň goraglylygyny üpjün etmäge ähli amatly şertleri döredýär.
Eziz MUHAMMETGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.
Teswirler