London Uly 7-ligiň geljekki maslahatyny mälim etdi.

“Uly 7-ligiň” maslahaty iýun aýynyň 11-13-i aralygynda Kornwal ýarymadasynyň Karbis-Beý şäherinde, günorta-günbatar Angliýada geçiriljekdigi Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň 16-njy ýanwarda eden çykyşynda öz beýanyny tapdy.
Boris Jonson:”Şunuň ýaly möhüm maslahat üçin ajaýyp ýer” diýip, nygtap geçdi. Maslahatyň geçiriljek ýeriniň Kornwal saýlanmagy Premýer-ministr onuň gözelligi, baý taryhy geçmişi we şol ýere geljek ykdysady bähbit bilen düşündirýär. “Visit Cornwall” kompaniýasy bu möhüm maslahat Kornwal graflygynyň turizmine uly itergini üpjün etmek bilen 50mln funt sterling girdeji getirer diýip çaklaýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Malkolm Bel:”Bu çäre diňe bir Kornwalyň gözelligini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem biziň mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda uly mümkinçilik bolar.” diýdi. Elbetde, maslahatyň esasy temasy koronawirus pandemiýasy bolar. Mundan başgada, howa çalşygy, halkara söwda meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu wajyp çärä Boris Jonsonyň çakylygy boýunça Awstraliýanyň, Hindistanyň, Günorta Koreýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary myhman hökmünde gatnaşarlar. Beýik Britaniýa, ABŞ, Germaniýa, Fransiýa, Kanada, Italiýa we Ýaponiýa Uly7-ligiň düzümini düzýärler. Bu düzüm özüni azatlygy, demokratiýany, adam hukuklaryny, rowaçlygy we durnukly ösüşi özüniň esasy ýörelgeleri edinen “Gymmatlylaryň jemgyýeti” diýip atlandyrýar. “Maslahata gatnaşjak 10 döwletiň liderleri dünýäniň ilatynyň 60%-ne wekilçilik etýärler.” diýip, beýannamada aýdyňlaşdyrylýar. Bu formatdaky maslahat ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Jo Baýden üçin ilkinji, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel üçin bolsa soňky bolmagyna garaşylýar. Şunlukda, Kornwal maslahaty takmynan 2 ýylyň içinde liderleriň ilkinji ýüzbe-ýüz geçirjek duşuşygy bolar.
Ýatlatsak, geçen ýyl bu çäre Kemp Dewid, Maryland (ABŞ)-da meýilleşdirilýärdi, emma pandemiýa zerarly onlaýn geçirildi. Şu ýyl Beýik Britaniýa üçin möhüm ýyllaryň biri boljakdygyny ynandyrýar. Fewral aýynda Beýik Britaniýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde başlyklyk eder, soňra halkara bilim konferensiýasyny we BMG-niň klimatik maslahatyny geçirer.

Nepesow Baýnazar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklaryfakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok