45-nji orta mekdepde çäreler toplumy geçirildi

Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly medeni çäreler geçirildi.

Çäräniň çäklerinde açyk sapaklar, presentasiýaly çykyşlar, mugallymlaryň ýolbaşçylygynda paýtagtyň desgalaryna syýahatlar, ýeriň ýüzüne surat çekmek, türkmen we iňlis dillerinde düzme ýazmak,  türkmen bitaraplygyna we taryhyna bagyşlanan diwar gazetleriniň bäsleşigni guramak ýaly işler giňden alnyp baryldy.

Şeýle-de “Parahatçylyk sazy – dostlyk doganlyk sazy” kitaby boýunça çeper okaýyş bäsleşikleri aýdym-azly duşuşyklar geçirildi. Çäräniň huramaçylygyna mekdebiň okuw işleri boýunça orunbasary Ejegyz Gelenowanyň guramaçylyk etdi.

“Bu çäreleriň esasy maksady tamamlanyp barýan 2020-nji ýyly, ýagny
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyny mynasyp dabaralandyrmak, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny ruhubentlikde bellemek, türkmen ýaşlarynyň ýokary ahlakly, aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly edip terbiýeläp ýetişdirmek, olarda watansöýüjilik duýgularyny kämilleşdirmek bolup durýar,” diýip Ejegyz Gelenowa belläp geçdi.

Hatyja Döwletnazarowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok