Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. Halkyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Milli liderimiziň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyrýandygyny bellemeli.
3-nji iýunda döwletimizde iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped güni giň gerimde bellenilip geçildi. Bu sene Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan “Welosiped” binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Açylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Hormatly prezidentimiz hemmeleri Bütindünýä welosiped güni hem-de paýtagtymyzda “Welosiped” binasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bitarap Türrkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Sport baradaky garaýyşlar hem hemişelik Bitarap ýurdumyz bilen BMG-nyň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, Milli Liderimiz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigini ýatlatdy.
Döwletimiziň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygy baradaky aladany berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösmeginiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, ony elmydama üns merkezinde saklaýan Arkadag Prezidentimiziň hemişe jany sag, belent başy aman, röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin.
.
Dänäýew Allaberdi,
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby
Teswirler