10-njy noýabr Dünýäniň parahatçylygyna we ösüşine bagyşlanan Bütindünýä ylymlar güni

Parahatçylyk we ösüş hyzmatynda Bütindünýä ylym güni hakda Innowasiýa we gözleg arkaly durnukly ösüşe ýetmek.

Parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda Bütindünýä ylym güni dünýäni has gowy gurmak üçin dürli ylymlary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Innowasiýa, ylmy gözlegler we adam zehininiň saýasynda dürli kynçylyklara çözgüt tapmak mümkin bolup görünýär. Bilim, giňden ýaýran we deňhukukly ösüşi goldamak üçin iň gowy adam baýlygydyr.

Ylym, medeniýet we bilim pudaklary boýunça dünýäniň iň abraýly bilim we medeni guramasy ÝUNESKO, ilkinji gezek 1999-njy ýylda Wengriýada geçirilen Budapeşt sammitinde 10-njy noýabr “Dünýäniň parahatçylygyna we ösüşine bagyşlanan Bütindünýä ylymlar” güni hökmünde bellendi. Bu gün, ylym we tehnologiýa we ylym esaslandyryjylara baha bermek üçin bolsa-da, şol bir wagtyň özünde, ylmy tehnologiýalaryň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmaga, jemgyýetçilik durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, önümçilik we tehnologiýalaryň netijesinde howa hapalanmalarynyň azaltmaga we öňüni almaga synanyşýar. ÝUNESKO-nyň ylym gününi bellemekde iň möhüm maksatlaryndan biri, jemgyýetiň agzalaryna ylym, tehnologiýa we innowasiýalardan peýdalanmak, ylym, tehnologiýa we innowasiýalaryň täsiri barada pikir alyşmak üçin amatly platforma we giňişlik döretmekdi. Adamlary ösüşiň käbir täze mümkinçilikler bilen tanyşdyrmak we durmuşyň umumy hilini ýokarlandyrmak bu güniň esasy maksatlarynyň biri. 

  “Dünýäniň parahatçylygyna we ösüşine bagyşlanan Bütindünýä ylymlar” güni ylmy guramalara, hökümetlere, raýat jemgyýetine we alymlara iň esasy sosial düşünjeleriň biri bolan parahatçylyk we ösüş barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen täze çemeleşmede parahatçylyk diňe bir döwletleriň arasynda urşuň ýoklugyny aňlatman, eýsem jedelleriň çözülmeginiň we jemgyýetiň dürli guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagynyň şertlerini hem aňladyp biler.

Köp ýurtlar 10-njy noýabrda ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň parahatçylygyna we ösüşine bagyşlanan Bütindünýä ylymlar” güni hökmünde hödürlenmegini gutlady we bu güni köp ýurtlaryň resmi senenamalarynda hasaba alyndy.

“Dünýäniň parahatçylygyna we ösüşine bagyşlanan Bütindünýä ylymlar” güni, ýurtlaryň we ylmy guramalaryň, ýetmäge çalyşmaly beýleki maksatlaryny we maksatnamalaryny öz içine alýar, ol maksatlar:

  1. Jemgyýet agzalarynyň ylym, tehnologiýa we innowasiýa miwelerinden peýdalanmasy.
  2. Jemgyýeti ýurtlaryň görnükli ylmy şahsyýetleri bilen tanyşdyrmak.
  3. Okuwçylaryň ylmy başarnyklary we işleri bilen tanyşmagy üçin amatly gurşaw döretmek.
  4. Ylmyň, tehnologiýanyň we innowasiýalaryň adamlaryň gündelik durmuşyna edýän täsiri barada gürleşmek üçin amatly giňişlik döretmek.
  5. Ylym muzeýlerine köpçülikleýin baryp görmek üçin zerur çäreleri görmek.
  6. Durmuşyň umumy hilini ýokarlandyrýan käbir täze ýagdaýlar bilen tanyşdyrmak.

ÝUNESKO ýurtlaryň 10 ýyllyk uzak möhletli meýilnamada iň möhüm kesgitlenen maksatlara ýetmegine garaşýar. Munuň üçin ÝUNESKO her ýyl kesgitlenen maksatlaryň birini nygtaýar.

Maksat GARÝAGDYÝEW
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Syýasy kommunikasiýa we internet
žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok