Türkmenistan we Eýran energetika hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrýar

Türkmenistan energiýa eksportyny diwersifikasiýa etmek boýunça işlerini dowam etdirýär we bu ugurda tebigy gaz geçirijilerini ösdürmekde täze mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Eýranyň çäginden geçýän üstaşyr ulgamy giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tähranda geçirilen Hökümetara Türkmen-Eýran Ykdysady Hyzmatdaşlyk Komissiýasynyň 18-nji mejlisinde çykyş edip belledi.

Ministr Meredow şeýle hem, Türkmenistanyň nebithimiýa taslamalaryny amala aşyrmak üçin Eýranyň maýa goýumlaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk türkmen tebigy gazyndan has netijeli peýdalanmaga hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam eder.

Duşuşykda taraplar söwda, energetika we ulag-logistika ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we sebitleýin durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Şeýle strategiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir ykdysady ösüş üçin däl, eýsem sebitleýin energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hem möhüm ädimdir.

Jahan GARRYGULOWA,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň inženerçilik
bölüminiň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok