Bütin dünýäni ajaýyp kitaphana öwüreliň!

Köne döwrüň alymlary kitaby Jemşidiň jamyna meňzedipdirler. Dogrudan hem, kitap içi täsin maglumatlardan doly bilim hazynasydyr. Parasatly halkymyz ony akyl-paýhasyň jemlenen mirasy hasaplapdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem şeýle belläp geçýär: “Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitap möhüm orny eýeleýär”.

Eýsem kitap okamak adamy diňe bir gerekli maglumatlar bilen üpjün etmän, adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrýar. Biz – ynsanlar, bedenimiz üçin gerek bolan witaminlere baý ir-iýmişleri iýýän bolsak, edil şonuň ýaly gowy kitaplary okamak arkaly ruhy dünýämizi hem iýmitlendirmelidiris.

Gün geçdigiçe kitap okamany ýaş jemgyýetçilik toparlarynyň arasynda has hem ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hyjuwly, okamagy halaýan hem-de döredijilikli ýaşlar topary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda “Bookcrossing” – “Kitap alyş-çalşygy” atly ajaýyp taslamany durmuşa geçirdi.  

“Bookcrossing” – “Kitap alyş-çalşygy” ideýasy diňe bir okamaga bolan gyzyklanmany artdyrmak bilen çäklenmän, talyplaryň arasynda dostlukly gurşawy döredip, olaryň islendik temada söhbetdeş bolmaklaryny hem ýola goýýar. Bu kitap nokady kitaplaryň jadyly sahypalaryny dörüp, syrlaryny keşp etmäge ähli kitaphonlary çagyrýar! Taslamanyň ilkinji günlerinden başlap kitaplaryň sany hem gün-günden köpelýär.  Eseri okap bolandan soň, okyjy başga bir okyjynyň hem okamagyna mümkinçilik döredýän açyk agaç şekilli kitaphanada goýýar, ynha şeýlelikde kitap alyş-çalyş zynjyry emele gelýär. Kitap okamagyň bu usuly esasynda bilesigeliji ýaşlaryň dünýägaraýşy giňelip, olarda dürli soraglaryň, täze pikirleriň emele gelmegine hem-de islendik gurşawda öz düşünjelerini aýdyň beýan etmeklerine elter. Şeýle hem diňe ylmy durmuşda üstünlik gazanman, eýsem şahsy durmuşda hem üstünliklere eýe bolup, çylşyrymly ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykmagy başardar. Dur­muş­da ynsanyň we­pa­ly dos­ty bo­lar. Ürç edip okamak ýatkeşligi güýçlendirip, as­la ynsany ter­k et­mez, ut­gaş­dy­ran tejri­besi mydama akyllarda galar .

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Kitap dünýäni açýar” şygaryndan ugur alyp durmuşa geçirilen bu taslamanyň hasda kämilleşmegine uniwersitetiň mugallymlarynyň uly goldaw berýändiklerini hem bellemelidiris. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Bookcrossing” – “Kitap alyş-çalşygy” taslamasyny durmuşa geçiren ilkinjidir we bu başga bilim edaralarynyň hem üns merkezinde bolup, şeýle kitap nokatlarynyň köpelmegine garaşylýar.

Merjen NEPESOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok