Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, 2021-nji ýylda Lebaply telekeçiler et önümleriniň önümçiligini iki esse artdyrdy. Geçen bir ýylyň dowamynda hususyýetçiler içerki bazara 323 tonna et önümlerini getirdi, bu bolsa 2020-nji ýyla garanyňda 164 tonna has köpdür. Täze ýyly baýramçylygynyň öňisyrasynda ýagny dekabr aýynyň dowamynda telekeçiler 42 tonna et önümlerini öndürdiler.
Ilaty ýokary hilli et bilen üznüksiz üpjün etmek üçin häzirki wagtda Lebapda 12,2 müňden gowrak mal bakylýar. Şeýle hem sebitde süýt önümçiliginiň ep-esli ýokarlanmagy hasaba alyndy.
Häzirki wagtda süýt önümleri Lebapda 54 hususy kärhanada senagat derejesinde öndürilýär. Olaryň jeminde 5 müň 260 sygyr bakylýar. Sebitiň telekeçileri süýtden başga-da, geçen ýyl 255 tonna süýt önümini öndürdiler. Aýran, kefir, gaýmak, peýnir we ş.m önümler olaryň aýdyň mysaly bolup durýar.
Myratmuhammet KAKALYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby
Teswirler