Türkmenistanyň Garaşsylygynyň 30-ýyllygynyň şanynyna, Gazagystanyň Nur Soltan şäherindäki Nur Älem muzeýiniň desgasynda, sentýabr aýynyň 27-sine geçilýän gijede Türkmenistanyň baýdagy şöhlelendi. Bu baradaky habary “Habar 24” habar agentligi belläp geçýär.
Çeşmäniň habaryna görä, bu çäre türkmen halky üçin özboluşly sowgat boldy we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde täze gowy däbi döretdi.
“Nur Alem” pawilion sferasy dünýädäki iň uly sferik binadyr we Gazagystanyň paýtagtynyň iň ajaýyp ýerlerinden biridir. Nur Alem, Gazagystanda geljegiň energiýasynyň ilkinji tehnologiki muzeýidir we 8 gat tutýar.
Nur Alem pawiliony, EXPO-2017 sergisi açylmanka-da giň meşhurlyk gazandy. Adaty bolmadyk binagärlik çözgütleri sebäpli Astanadaky top internetde giňden tanaldy we köpler tarapyndan halandy. Meýdana bolan bu gyzyklanmanyň netijesinde sergide iň köp zyýarat edilýän pawilion boldy.
Garrygulowa Jahan
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler