Bilşimiz ýaly Hormatly Prezidentimiz şu aýyň başynda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary bilen okuw maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda hem Gahryman Arkadagymyz ata-baba gelýän türkmeniň ahlaklylyk terbiýesi, ýaşlaryň dünýägaraýyşyny ösdürmek we başga-da dürli ugurlar bilen bagly bahasyna ýetip bolmajak maslahatlaryny berdi. Ine, şol maslahatlardan hem ugur alyp biziň Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň hem talyplary we professor mugallymlary institutymyzyň Mejlisler zalynda seslenme ýerine ýetirdiler. Şol günlerden başlap hem biz talyp ýaşlaryň okuwa, ösüşe we özgerişe bolaň hyjuwy has hem artdy. Biz hem gelejekde ýurdumyzyň ösüşlerine we bedew batly özgerişlerine öz goşandymyzy goşmagy arzuwlap, institutymyzyň talyp ýaşlaryndan düzülen toparlary bilen dürli çäreleri, bäsleşikleri we özara ýaryşlary gurnamak hakynda meýilnamalaryň üstünde işleýäris.
Häzirki günlerde bolsa, biziň ählimiz eziz Watanymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýynlyk görýäris.
Biz ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi we döretmegi üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman hem Mähriban Arkadagymyza talyp ýüregimizden köp-köp sagbolsunlar aýdýarys! Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolup, tutýan her bir tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Şu pursatdan peýdalanyp biz bütin halkymyzy, şeýle-hem Gahryman Arkadagymyzy bu ýetip gelýän şanly sene bilen gutlaýarys!
Ýunus ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Teswirler