Dünýädäki iň kiçijek süýreniji tapyldy

Dünýädäki iň kiçijek süýrenijiler Madagaskaryň demirgazyk sebitlerinden tapyldy. Alymlar tarapyndan “Brookesia nana” diýlip atlandyrylan jandarlaryň näme üçin beýle kiçidigine entäk düşünip bolanok. Tapylan janly-jandarlaryň biriniň ululygy bary-ýogy 13,5 millimetr.

Esasan hameleonlar ýaly görünýän bu jandarlary “Brookesia nana” diýip atlandyran alymlar, hameleonlaryň näme üçin beýle kiçidigi baradaky soraga jogap tapmadylar. Bu syrly jandarlar hakykatdanam gaty kiçi.

Tapyndy wagtynda iki sany nano hameleon tapyldy. Alymlar bu jandarlary çaga diýip pikir etdiler we olary öwrendiler. Netijede bu iki hameleonlaryň köpeliş agzalarynyň ösendigini anykladylar.

Alymlar açan bu hameleon görnüşleriniň juda azdygyny anykladylar. Geçirilen gözlegleriň netijesinde bularyň guýrugynyň uzynlygy 22 millimetrligi ýüze çykaryldy. Guýrukdan başga bu jandaryň uzynlygy bary-ýogy 13,5 millimetrdi. Bu jandarlaryň bedenindäki iň uly agzasynyň köpeliş ulgamyna degişlidigini ýüze çykaran hünärmenler, jyns agzalarynyň bedene bolan gatnaşygynyň 20 göterimdigini we ýagdaýyň gyzyklydygyny aýdýarlar.

Alymlaryň beren beýanatlaryna görä, gaty kiçi ýerde  ýaşamak üçin bu haýwanlar daşky gurşawa uýgunlaşmak maksady bilen bedenlerini kiçelden bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu ululykdaky hameleonlaryň ýaşaýan ýeriniň çäklidigini mälim eden alymlar, bu ýagdaýyň sebäbini kesgitläp bolmaz diýip pikir edýärler.

Orazmuhammet ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok