12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk barada arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklar pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýäniň gün tertibindäki möhüm meselelere umumy çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň, halkara başlangyçlarynda biri-birine berýän goldawlarynyň geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Häzirki wagtda şeýle üstünlikli hyzmatdaşlyk, umumy pikire görä, halkara işleri oňyn ilerletmegiň, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň hem-depugtalandyrmagyň, sebitde we dünýäde abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi. Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär. Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi — Türkmenistandan Hytaýa «mawy ýangyjy» akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan— Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energiýa çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar. Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alşylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Teswirler