Aýyň üstünde suwuň bardygy çaklanylýar.

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy  “NASA” Aýyň ýagty ýüzünde suwuň bardygyny habar berdi. Tapylan suwuň mukdaryny düşündirenimizde, suwuň nähili emele gelendigini we Aýyň ýowuz gurşawyndan nädip halas bolandygyny barada entäk maglumat ýok.

Bu açyş, Stratosfera obserwatoriýasyndan (SOFIA) subut edildi. NASA bu täze açyşy geçiren konferensiýasynda yglan etdi. Kosmos gullugy tarapyndan berlen beýanatda suwuň garaňky we sowuk sebitlere däl-de, Aýyň üstündäki dürli ýerlere bolup biljekdigini aýdylýar.

NASA Astrofizika bölüminiň müdiri Pol Hertz öz beýanynda “Aýyň ýagty ýüzünde H2O – bilşimiz ýaly suwuň bolup biljekdigini tassyklaýarys. Indi ol ýerde suwuň bardygyny bilýäris” -diýdi. Gertz, bu açyşyň Aýyň ýüzünde täze soraglaryň ýüze çykandygyny aýtdy.

Gözlegiň awtory Keýsi Honniball “Galyň atmosfera bolmasa, Aýyň ýagty üstündäki suw kosmosa çykan bolmalydy, emma henizem görýäris. Suwy emele getirýän we şol ýerde saklaýan bir zat bolmaly” -diýdi.

Suw molekulalary Aýyň günorta ýarym şarynda ýerleşýän iň uly görünýän kraterleriň biri bolan Klawiýus Kraterind tapyldy. Açylan suwuň mukdary barada NASA takmynan 12 unsiýa (340 gram) çüýşäniň uludygyny we bir kub metr toprakda ýerleşýändigini mälim etdi.

Kolorado uniwersitetiniň astrofizika professory Pol Heýn we onuň topary, NASA hemrasy tarapyndan düşürilen kamera şekillerini we temperatura ölçeglerini ulanyp, buz massalarynyň takmynan 40,000 inedördül kilometre ýa-da Aýyň takmynan 0,1 göterimine eýe bolandygyny habar berdiler.

Baýramhan ARTYKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok