Dykyzlyklaryň palitrasy

Näme üçin ary baly 1 kg agyz suwundan agyr? Ýa-da ýenede bir mysal, 1l süýt 1l agyz suwundan agyr? Ýa-da 1l deňiz suwy bilen 1l süýdiň agramy deň?

Gürrüň näme hakynda gidýänligni , belki bilýänsiňiz. Suwuklyklaryň biri-birinden agyr gelmeginiň sebäbi olaryň dykyzlyklarynyň dürli-dürli bolmagydyr. Ýokarda aýdylanlara göz ýetirmek üçin bir tejribe geçireliň.
Gerekli suwuklyklar: suw, gap-çanak ýuwulýan serişde,ösümlik ýagy, ary baly we süýt. Uzyn boýly aýnadan ýasalan gap, suwuklyklaryň gerekli mukdaryny almak üçin 5 sany plastik stakan, dürli dykyzlyklardaky materiallar, demir bolt, çerri pomidory, ping-pong oýny üçin pökgi, çagalaryň “lego” oýnawajyndan bir detal.

Haýsy hadysa gözegçilik ederis?

1) Her bäş suwuklykdan deň mukdarda 5 stakana guýup alyň. Haýsynyň dykyzlygy has kiçi bolsa şondan başlap, ýuwaş-ýuwaşdan aýna gabyň içine guýup başlalyň.
Yzygiderligi: ary baly, süýt, gap-gaç ýuwmak üçin serişde, suw ösümlik ýagy. Tejribä gowy gözegçilik etmek üçin agyz suwuna iýmit reňkleýjisini garyp, suwuklyklaryň her gatyna degişli materiallary goýuň.

2) Azajyk garaşyň. Suwuklyklaryň her birini aýry-aýrylykda aýna gaba usullyk bilen guýsaňyz, onda bäş suwuklygyň bäş gat boýunça ýerleşer: iň yeňil ösümlik ýagy, soňra agyz suwy, soňra gap-gaç ýuwmak üçin serişde, süýt, ary baly.

Ýer şarynyň gatlaklarynyň gurluşy hem ýokarda tejribede getirilen suwuklyklaryň gatlar boýunça ýerleşişi ýalydyr. Ýagny: ýeriň iň üstki gatlagy gaty kremniý gabygy, merkezi gatlagy bolsa, demir bilen nikel ýaly agyr materiallaryň eredilen görnüşi saklanýar.

Kamalow Rozymyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok