Dünýäniň iň täsin botanika baglary

Botanika baglary jemgyýet üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Botanika baglary tebigy gözlegler üçin özboluşly material çeşmesi bolup durýar. Sebäbi bu ýerde, öň duşmaýan ösümlik görnüşlerini synlamaga mümkinçiligimiz bar. Geliň dünýäniň iň täsin botanika baglary bilen tanyş bolalyň!

  1. “Kirstenbosch” Botanika bagy, Keýptaun.

Dünýäniň we Afrikanyň iň owadan we iň uly botanika baglarynyň biri hökmünde bellidir. 1913-nji ýylda döredilen bu bagda, ýerli ösümlikler ösdürip ýetişdirilýär. Eger baryp görseňiz, sebite mahsus 7000 ýerli ösümligi we bagy görüp bilersiňiz. Tomusda bu ýer gün ýaşan wagty  has reňkli bolýar.

2. “Singapur” Botanika bagy, Singapur.

Bu UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýeke-täk tropiki bagdyr. 158 ýyllyk bu botanika bagy syýahatçylyk merkezi hökmünde örän meşhurdyr. Bütin dünýäde möhüm ösümlikleriň görnüşleri bar. Üýtgeşik tarapy bolsa, agşam sagat 5-de açylýan ýeke-täk botanika bagydyr. Bu ýerde ösümlikleriň 1200 görnüşi we 2000-den gowrak çaknyşdyrylan (gibrid) ösümlik görnüşi bar Hatda bu ýerde kiçijik tropiki tokaýlyk hem bar.

3. “Miracle” Botanika bagy , Dubaý.

Aslynda bu bag gül bagy. 2013-nji ýylda Aşyklar gününde 109 million gül ekildi we dünýäniň iň uly gül bagyna öwrüldi. Birleşen Arap Emirlikleri ýaly çöl howasy bolan sebit üçin ajaýyp ýer.

4. “Jardin” Botanika bagy, Montreal.

Kanadada ýerleşýän bu bag dünýädäki iň  owadan baglaryň biri hasaplanýar. 75 gektar ýeri baglar we teplisalar eýeleýär. 30-dan gowrak uly bakja we 22 müňden gowrak görnüşli ösümlik bar. Hatda bu bagda fewral-aprel aýlarynda pileden çykýan kebeleklere tomaşa edip bilersiňiz.

5. “Nong Nooch Tropical” Botanika bagy, Taýland.

Taýlandda ýerleşýän bu bagda dürli görnüşli baglar bar. XVII asyra degişli fransuz baglary,, Ýewropada ösýän Galkynyş bagy, şeýle hem tropiki palma baglary we bonsaý baglaryny görmek bolýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Kerimberdi Nurnyýazow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok