Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň Gurban baýramy barada ýetirýän maglumatlary

GURBANLYK BAÝRAMY BILEN BAGLANŞYKLY FETWALAR

اَلْحَمْدُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ وَالصَّلَوةُ وَ السَّلَامُ عَلَى سَيِّدِنَا مُحَمَّدٍ اَلبَمْعُوثِ رَحْمَةً لِلْعَالَمِينَ

 وَ عَلَى آلِهِ وَ أَصْحَابِهِ وَ التَّابِعِينَ اِلَى يَوْمِ الدِّينِ

Gurbanlyk: ybadat niýeti bilen belli bir wagtda belli bir aýratynlyklara eýe bolan belli bir maly gurbanlyk etmekdir. Muňa “Udhiýýe” diýilýär.

Gurbanlyk malyny çalmak, baýlyk bilen berjaý edilýän wajyp ybadatdyr. Ol hijri ýyl hasaby boýunça ikinji ýylda emir edilipdir.

Gurbanlyk adamyň Allatagala ýakynlaşmagyna sebäp bolýan bir ybadatdyr. “Gurbanlyk” sözüniň şunuň ýaly manysy hem bardyr. Adam bu wezipäni ýerine ýetirmek bilen, ýagny gurbanlyk malyny çalmak bilen, hezreti Ybraýym ýaly, Allatagala we Onuň emirlerine boýun bolup, gerek bolanda, Onuň razylygyny gazanmak üçin her hili pidakärlige taýyndygyny görkezen kişi bolýar. Şonuň üçin hem, ybadatlaryň ählisinde bolşy ýaly, gurbanlyk edilende hem gowy niýet bilen yhlas esasy zatdyr. Mysal üçin, Gurhany Kerimde: “لَنْ يَنَالَ اللَّهَ لُحُومُهَا وَلَا دِمَاؤُهَا وَلَكِنْ يَنَالُهُ التَّقْوَى[1] (Hiç haçan bu gurbanlyklaryň etleri we ganlary Alla gowuşmaz. Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter”) diýlipdir. Allatagala, ynsanlardan Alla gorkusy hem-de yhlas bilen sogap umyt edilip ýerine ýetirýän ybadatlaryny kabul edýär.

Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hem: “إِنَّمَا الْاَعْمَالُ بِالنِّيَّاتِ، وَإِنَّمَا لِكُلِّ امْرِئٍ مَا نَوَى، فَمَنْ كَانَتْ هِجْرَتُهُ إِلَى اللهِ وَ رَسُولِهِ فَهِجْرَتُهُ إِلَى اللهِ وَ رَسُولِهِ وَمَنْ كَانَتْ هِجْرَتُهُ لِدُنْيَا يُصِيبُهَا، أَوِ امْرَأَةٍ يَنْكِحُهَا، فَهِجْرَتُهُ إِلَى مَا هَاجَرَ إِلَيْهِ[2] (“Amallar niýetlere görädir. Kim nämäni niýet etse, hökman şoňa gowşar. Kim Alla we onuň Resuly üçin hijret etse (göç etse) onuň hijreti Alla we onuň Resuly üçin bolar. Kim dünýe maly ýa-da nikalap aljak bolýan zenanyna gowuşmak niýeti bilen hijret etse ol adamyň hijreti şol niýetine görä bolar”) diýmek bilen, kim nämäni niýet edýän bolsa, eline niýet eden zadyndan başga bir zadyň geçmejegini mälim edipdir.

Eziz adamlar! Allatagalaň bendelerine beren nygmatlary sanardan köpdir. Çünki ol barada Allatagala öz kelamy şerifinde ” وَإِن تَعُدُّواْ نِعْمَتَ اللّهِ لاَ تُحْصُوهَا ” “(Eý ynsanlar!) Eger Allanyň (size beren)  nygmatlaryny sanamaga çalyşsaňyz, sanap gutaryp bilmersiňiz” diýýär. Şol nygmatlaryň biride saglyk nygmatydyr. Köp adamlar bu nygmatyň gadryny bilmeýärler. Bu barada Pygamberimiz aleýhissalam  şeýle diýýär:  “نِعْمَتَانِ مَغْبُونٌ فِيهِمَا كَثِيْرٌ مِنَ اَلْنَّاسِ: اَلصِّحَّةُ وَاَلْفَرَاغُ” “Iki nygmat bardyr, adamlaryň köpüsi şolardan gapyldyrlar: (Olar) jan saglyk we boş (geçirilen) wagt”

Şonuň bilen baglylykda dürli ýagdaýlarda adamyň jan saglygyna zeper ýetmez ýaly Allatagala olara saglyklaryny goramaklary üçin dürli ýeňillikler beripdir. Mysal üçin hassa adama suw bilen täret almagyň zyýanly bolan ýagdaýynda onuň ýerine toprak bilen teýemmim etmäge rugsat berilýär. Ýa-da bolmasa hassalygy sebäpli agyz beklemäge gurbaty çatmasa, ýa-da agyz beklemek onuň hassalygynyň  beterlemegine sebäp boljak bolsa, ol adama şu ýagdaýda agyz beklemezligine rugsat berilýär. Çünki Allatagala bendeleriniň güýç-kuwwatynyň ýetmejek zadyny buýurmaýandygyny beýan edip Bakara süresiniň 286-njy aýatynda ” لاَ يُكَلِّفُ اللّهُ نَفْسًا إِلاَّ وُسْعَهَا”   Alla hiç kime güýjiniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz)” diýýär.

Mälim bolşy ýaly döwletimiz ädamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän ýiti öýken  keseliniň ýaýramak howpynyň dowam edýän döwründe, bu barada zerur bolan degişli işleri alyp barýar. Biz hem öz gezegimizde bu ýokanç kesele garşy  alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşup, elmydama agyz-burun örtüklerini dakynmaly we köpçülik ýerlerinden mümkinçilige görä daş durmaga çalyşmalydyrys!

Şonuň bilen baglanyşykly Hezreti Omaryň halyflyk eden döwründen bir wakany mysal getireliň!

Hezreti Omar Şam diýaryndaky ýerleriň düzgün-tertibini, ol ýerdäki musulman däl halklaryň hal-ýagdaýyny öwrenmek we gözegçilik etmek üçin hijri 18-nji (639-njy) ýylda Ashaby-Kiram bilen bilelikde Şam şäherine tarap ýola düşýär.

Halyfa Hezreti Omar Şam bilen Hyjazyň serhedi bolan  Serg sebitine baryp ýeteninde Şam diýarynyň goşun serkerdeleri wezipelerine bellenilen Ebu Ubeýde bin Jerrah, Şurahbil bin Hasene we Ýezid bin Ebu Sufýan tarapyndan garşylanylýar. Hezreti Omara  Ebu Ubeýde bin Jerrah bu şähere ýaýran tagun (mergi, gyrgyn) ýokanç keseliniň we onuň howpy barada gürrüň bereninde Halyf bu howply ýokanç keselden çekinip, ýola dowam etmek ýa-da Medinä yzlaryna dolanmak meselesinde geňeşmek we sala-salmak üçin maslahat geçirdi. Geňeşe gatnaşanlaryň arasynda dürli pikirler ýüze çykdy. Muhäjirleriň (Mekgelileriň) käbiri bu ýola Allanyň razylygyny gazanmak üçin çykandyklaryny, başlaryna belanyň geljegine ynanman mundan beýläk ýollaryna dowam etmegiňň gerekdigi barada pikirlerini aýtdylar. Beýleki bir bölegi bolsa bu ýokanç keseliň bir bela we heläkçilik bolup durýandygyny, mundan beýläk hereket etmegiň saglyk üçin juda hatarly bolup Medinä yzlaryna dolanmaklygy has dogry hasap edýändiklerini aýtdylar. Muhäjirleriň (Mekgelileriň) arasynda bu meselede dürli pikirleriň bolandygy üçin Halyf olary ugradyp  Ensary (Medinelileri) maslahata çagyrdy. Olar bu ýagdaýyň howply, soňunyň ölümdigini, şoňa görä-de yzlaryna dolanmaklygyň has dogry  we maksadalaýyk boljakdygyny mälim etdiler. Ensarylaryň (Medinelileriň) bu pikirini jaýdar gören Halyf Omar adamlara bu ýagdaýy mälim edip olara yzlaryna dolanmak üçin taýýarlyk işlerini görüp ertesi ir bilen yzlaryna ýola düşmegi tabşyrdy.

Hezreti Omaryň Medinä dolanmaklyga karar beren mahalynda Ebu Ubeýde bin Jerrah Halyfanyň alan kararyna gaty gahary gelip Hezreti Omaryň ýanyna baryp “Allanyň ýazgydyndan gaçýarmyň?” diýip soranynda, Halyf oňa bir salym seredip “Eý Ebu Ubeýde! Käşgä bu sözleri başga biri aýdan bolsady. Howa, Allanyň ýazgydyndan Allanyň başga bir ýazgydyna gaçýaryn, sen düýäň bilen bir derä baryp ýetseň, deräniň bir tarapy suwly we ýaşyl otluk ýer, onuň beýleki tarapy bolsa suwsyz takrap ýatan şor ýer bolsa düýäňi nirede bakarsyň? Eger düýäňi otly-suwly ýerde baksaň, otlatsaň Allanyň ýazgydy bilen bakdygyň bolmazmy? Eger takyr, şor ýerde baksaň-da, ol hem Allanyň ýazgydy bilen bakdygyň bolmazmy? Bularyň ikisi hem Allanyň ýazgydydyr” diýip jogap beripdir.

Hezreti Omar we Ebu Ubeýde gürleşip duran mahalynda olaryň ýanyna Abdurahman bin Awf geldi. Eden gürrüňlerini öwrenip olara Resuly-Ekremden eşiden hadysyny ýatlatdy:” إِذَا سَمِعْتُمْ بِهِ بِأَرْضٍ فَلاَ تَقْدَمُوا عَلَيْهِ وَإِذَا وَقَعَ بِأَرْضٍ وَأَنْتُمْ بِهَا فَلاَ تَخْرُجُوا فِرَارًا مِنْهُ يَعْنِي اَلْطَاعُونَ”

“Eger bir ýerde gyrgyn keseliniň (howply ýokanç kesel) bardygyny eşitseňiz ol ýere girmäň! Eger-de bir ýerde gyrgyn keseli ýüze çykyp siz hem şol ýerde bolsaňyz (eger kesel degen bolsa), şol keselden gaçyp ol ýerden çykmaň.” Ýokarda aýdylan hadys Hezreti Omaryň ýadyna düşüp öz alan kararynyň dogrulygyndan we onuň Resuly-Ekremiň aýdan hadysy-şerifine doly gabat gelýändigine begenip Allatagala Hamdy-senä edip Medine şäherine dolandy.

Häzirki zaman lukmançylygyň pandemiýa kesellere garşy öňüni alyş we goranyş işleri ýagny karantin goragy Hezreti Pygamber (S.A.W) tarapyndan 1400 ýyl mundan ozal maslahat berilipdir. Hadysdan mälim bolşy ýaly ýokanç kesel bar bolan ýerdäki adamlaryň ol ýerden çykmazlygy we kesel ýokuşmadyk kişileriň hem ýokanç kesel bar hasap edilýän ýere girmezligi keseliň ýaýramasynyň öňüni alyp zyýanlaryny azaldýandygyndandyr.

Ýokarda agzalyp geçilenler bilen baglanyşykly Kurany Kerimiň Bakara süresiniň 195-nji aýatynda Allatagala şeýle emir edýär. “وَلاَ تُلْقُوا بِأَيْدِيكُمْ إِلَى   التَّهْلُكَةِ” Öz elleriňiz bilen özüňizi heläkçiligiň (öňüne) atmaň…”  Diýmek, Hezreti Omaryň ýokanç kesel howpy zerarly şähere girip girmezlik babatda alan karary Allanyň Kitabyna we Pygamberimiz (S.A.W)-iň hadysyna daýanýandygy mese-mälimdir.

Gurbanlygyň dürs bolmagynyň şertleri

a) Gurban ediljek malda, onuň gurban edilmegine päsgel berýän kemçilikler bolmaly däl.

b) Gurbanlyk malyň damagy wagtynda çalynmaly.

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen metjitlerimizde Gurban baýram namazynyň çäklendirilendigi sebäpli, Türkmenistanyň ähli künjeginde gurbanlyk mallaryny Gurban baýramynyň ilkinji güni bolan 31.07.2020 senedäki ertir namazynyň wagtynyň gireninden başlap, Gurban baýramynyň üçünji güni bolan 02.08.2020 senedäki agşam namazynyň wagtyna çenli gurbanlyk mallaryny çalyp bilýärler.

Gurbanlyk malyň damagy nähili edilip çalynýar?

Damagyny çalmak üçin gurbanlyk maly alyp giden mahalyň, oňa gowy çemeleşmeli, urup-ýenjip alyp gitmeli däl. Haýwana ezýet bermezlik, ony gynamazlyk üçin haýwany baglamazdan öň pyçagy oňat çalmaly.

Damagy çalynjak gurbanlyk mal, ezýet bermezden, kybla bakdyrylyp çep tarapyna ýatyrylýar we damagyny çalmak aňsat bolar ýaly, üç aýagy baglanýar. Malyň damagyny çalmazdan öňürti onuň eýesi ýa-da onuň damagyny çalmak tabşyrylan kişi haýwana garap, şu dogany okamaklyk has sogaplydyr:

اَللَّهُمَّ اِنَّ صَلاَتِي وَنُسُكِي وَمَحْيَايَ وَمَمَاتِي لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ لاَشَرِيكَ لَهُ.

اَللَّهُمَّ تَقَبَّلْ هَذِهِ الْاُضْحِيَّةَ (مِنْ فُلاَنِ بْنِ فُلاَنِ) (مِنْ فُلاَنَةَ بِنْتِ فُلاَنْ). 

Okalyşy: „Allahumme inne salätiý we nusukiý we mehýäýe we memätiý lillähi rabbil-alemiýne lä şerike leh. Allahumme takabbel häzihil-uzhiýýete (min fulän ibni fulän) ýa-da (min fulänete binti fulän)“.

Manysy: „Allahym, meniň namazym, ybadatlarym, ýaşaýşym we ölümim diňe älemleriň eýesi bolan Allatagalanyň razylygy üçindir. Allatagalanyň hiç şärigi ýokdur. Allahym, şu gurbanlygy pylanynyň ogly pylanydan (ýa-da pylanynyň gyzy pylanydan) kabul edeweri“. Soňra: “اَللهُ اَكْبَرُ اَللهُ اَكْبَرُ لَا اِلٰهَ اِلَّا اللّٰهُ وَاللَّهُ اَكْبَرُ اَللهُ اَكْبَرُ وَ لِلّٰهِ الْحَمْدُ بِسْمِ اللهِ اَللهُ اَكْبَرُ” (“Allahu ekber, Allahu ekber. Lä ilähe illellahu wellahu ekber. Allahu ekberu we lillähil hamd. Bismillähi Allahu ekber”) diýip, ara wagt salmazdan, maly düzgünine laýyklykda kesip bu işi tamamlamaly. Malyň jany çykmazdan öňürti, ýiligini yazdyryp,  kellesini bedeninden aýyrmak we derisini ýüzmäge başlamak dogry däldir. Gurbanlyk malyň damagy çalnan wagtynda bilgeşleýin “bismilläh” diýilmedik bolsa, onda onuň eti iýilmeýär.

Ýokardaky dogalary okamazdan, gurbanlyk malyny diňe: “Bismillähi Allahu ekber” ýa-da ýöne: “Bismilläh” diýip çalsaň hem bolýar.

Gurbanlyk çalnansoň, onuň eýesiniň Allatagalanyň razylygy üçin iki rekat namaz okamagy we doga-dileg etmegi hem sogaplydyr.

Hormatly adamlar!

Ýokarda aýdylan aýaty-kerimelerden, hadysy-şeriflerden yslam dininiň adam saglygyna berýän ähmiýetinden ugur alyp, Gurban baýramy günlerinde howanyň düzüminiň üýtgemegi we ýiti-öýken keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, adam saglygyna ýetirýän oňaýsyz  täsirlerini nazara alyp, şol günlerde gurbanlyk malynyň damagy çalynandan soňra häzirki şertlerde adam üýşürmezlik maksada laýykdyr. Gurbanlygyň esasy wajyby, bu gurbanlyk malyny diňe çalmak bilen doly berjaý bolýandyr. Kitaplarda gurbanlyk malynyň etini üçe bölmek mustahapdyr diýip aýdylýan hem bolsa, şu günki şertlerde biri birimiziň saglygyna zeper ýetirmezlik maksady bilen ätiýaçdan köpçüligi üýşirmän, diňe gurbanlyk edýän adamynyň özüniň maşgala agzalaryndan başga ýere etleri ýa-da tagamlary ýaýratmazlygy maksadalaýykdyr. Şeýle-de, gurbanlyk malynyň eti bilen sadaka etmek ýa-da ony paýlamak diňe gurbanlyk günlerine mahsus däldir. Bu babatda Pygamber aleýhissalam hadyslarynyň birinde şeýle diýýär: “(مَنْ ضَحَّى مِنْكُمْ فَلَا يُصْبِحَنَّ بَعْدَ ثَالِثَةٍ وَفِي بَيْتِهِ مِنْهُ شَيْءٌ). فَلَمَّا كَانَ الْعَامُ الْمُقْبِلُ، قَالُوا: يَا رَسُولَ اللهِ، نَفْعَلُ كَمَا فَعَلْنَا عَامَ الْمَاضِي؟ قَالَ: (كُلُوا وَأَطْعِمُوا وَادَّخِرُوا، فَإنَّ ذَلِكَ الْعَامُ كَانَ بِالنَّاسِ جُهْدٌ، فَأرَدْتُ أَنْ تُعِينُوا فِيهَا). “ “(Haýsy biriňiz gurbanlyk malyny çalsa, üç günden soň ondan hiç zat (etinden) galmasyn). diýdi. Ondan soňky ýyl geleninde (sahabalar) aýtdylar: Eý Allanyň Resuly! Geçen ýyldaky (gurbanlyk) edişimiz ýaly edelimi? Pygamber aleýhissalam: Iýiň, iýdiriň we aýyryp (ýygnap) goýuň! Çünki şol ýyl (geçen ýyl) adamlaryň maddy ýetmezçiligi (aladasy) bardy. Şol sebäpli olara (kyn gündäkilere) ýardam bermegiňizi isledim“.

Teşrik tekbirleriniň okalyşy

Gurban baýramynda gurban aýynyň 9-yna ertir namazyndan başlap, 13-ine ikindi namazyna çenli jemi 23 gezek bäş wagt namazlaryň parzyndan soň «Teşrik» tekbirleri okalýar. «Teşrik» tekbirleri şeýle okalýar:اللهُ اَكْبَرُ، اللهُ اَكْبَرُ، لَا اِلهَ اِلَّا اللهُ وَاللهُ اَكْبَرُ، اللهُ اَكْبَرُ وَلِلهِ الْحَمْدُ.

«Allahu ekber, Allahu ekber, lä ilähe illallahu wallahu ekber. Allahu ekber we lillähil-hamd».

Eziz adamlar!

Gurbanlyk etmek barada bilmeli möhüm meselerimiziň biri hem: Gurbanlyk günlerinde gurbanlyk malyndan gan çykarmak maksady bilen alyk alyp, ol maly gurban baýramyndan soň islendik wagt çalsaň bolýar diýilýän düşünje hem bar. Bu düşünje hiç hili ylmy çeşmä daýanýan däldir. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, gurbanlyk günlerinde gurbanlyk malynyň damagyny çalmak, gurbanlygyň hökman ýerine ýetirilmegi wajybydyr.Şeýle-de, gurbanlyk edýän adam gurbanlyk malyny öldürdenden soň türkmençilige görä nahar bişirdip dogan-garyndaş, dost-ýarlary üýşürip doga dileg etdirýärler. Emma Şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberinden kadadan artmagy bilen baglanşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin agyz burun örtgilerini ullanmagy maslahat berýäris.

Mähriban ildeşler, bu düzgünleri berk berjaý etseňiz ýylyň islendik paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz.

Hormatly adamlar! Şu ýylky mukaddes Gurban baýramymyz iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1, 2-si günlerine gabat gelýär. Bu baýramda her maşgala gurbanlyklaryny öz maşgala agzalary bilen geçirmekligi we telefon aragatnayk arkaly dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary gutlamaklygy ýola goýalyň. Saglyk, munyň özi beýik Biribaryň adam ogluna beren uly nygmatydyr.

Goý Allatagala berýän gurbanlyklarynyzy, doga-dilegleriňizi keremli dergähinde kabul edip, Hajy Arkadagymyzyň saýasynda halkymyza geljek ýyllarda saçagymyzy giňden ýazyp, toýlarymyzy uludan tutmak nesip etsin.


[1] “Haj” süresiniň 37-nji aýatyndan.

[2] Buhari, “Iman”, 41; Müslim, “İmare”,45.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok