«Aşgabatgaz» müdirligi ýatladýar

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan aýawly we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär.

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça 1000 (bir müň) kubmetr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deňdir, habarlaşmak üçin: g. Kulyýew köçesiniň 81-nji jaýy we g. Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-39.

Gaz ölçeýji enjamy näsaz ýa-da hatardan çykan ýagdaýynda şu telefon belgä ýüz tutmaly: 23-00-85.

Emeli usulda özbaşdak ýasalan gaz enjamyndan we pejinden peýdalanmak
gadagan edilýär. Diňe zawod tarapyndan taýýarlanylyp, ýörite howpsuzlyk usullary bolan gaz enjamyndan we pejinden peýdalanmak bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 5227 Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň kadalaryna» laýyklykda merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy bilen ýyladylýan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlaryň gaz bilen ýyladylýan enjamlary we peçleri oturtmaga ygtyýarlarynyň ýokdugyny «Aşgabatgaz» müdirligi paýtagtymyzyň ilatyna ýatladýar.

Gaz enjamlaryny özbaşdak oturtmak, gaz geçiriji turbasyna özbaşdak birikdirmek we olary bejermek gadagandyr. Bu meseleler boýunça «Aşgabatgaz» müdirligine ýüz tutmaly: g. Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-05-02.

Gazdan peýdalanylýan mahalynda, zäherlenmek, partlama, ýangyn ýaly betbagtçylyklaryň ýüze çykmazlygy üçin gaz enjamlaryny howpsuz ulanmagyň şu aşakdaky düzgünlerini pugta berjaý ediň:
— gaz enjamlarynyň işledilýän mahaly aşhananyň penjiresiniň ýelçekeri açyk bolmalydyr, otagyň içini ýygy-ýygydan şemalladyp duruň;
— howa tämizleýiş ýollarynyň gözeneklerini ýapmak we ýelimlemek gadagan edilýär;
— gaz pejiniň nurbatyny (krany) açmazdan ozal, ýakylgy otluçöpi ýa-da çakmagy gaz ojagynyň golaýyna eltiň;
— gaz pejiniň howur şkafynyň gaz ojagyny otlamazdan ozal, ony 2 — 3 minutlap şemalladyň;
— gaz pejiniň üstünde suwdan püre-pür doldurylan gaplary goýmaň. Suw gaýnap, gazy öçürmegi, otagyň içine gazyň ýaýramagy ähtimaldyr;
— ýyladyjy ýa-da suw gyzdyryjy gaz enjamlaryny işletmezden ozal, şeýle hem işledeniňizden soň her 3 — 5 minutdan gaz enjamlarynyň tüsse çekijiligini hökman barlap duruň;
— tüsse çykaryjynyň işleýşine hemişe gözegçilik edip duruň, ony wagtly-wagtynda bejermegi we arassalamagy, tüssäni çekişini barlamagy unutmaň.
Eger tüsse çekiji işlemeýän bolsa, onda 23-16-50, 23-16-99 telefonlar arkaly Ýangyna garşy meýletin göreş jemgyýetiniň wekilini çagyryň;
— kiçi ýaşly çagalaryň we gazdan peýdalanmagyň düzgünlerini bilmeýän adamlaryň gaz enjamlaryndan peýdalanmagyna ýol bermäň;
— işledilýän mahaly, olary gaz enjamynyň ýanynda gözegçisiz galdyrmaň;
— jaýyň içini gyzdyrmak maksady bilen gaz plitalaryndan peýdalanmak gadagan edilýär.
Jaýda gazyň ysy peýda bolan badyna:
— gaz enjamlaryndan peýdalanmagy haýal etmän bes ediň we gazyň gelýän ýolunyň nurbatyny (krany) ýapyň;
— gapylary we penjireleri açyp, içerini oňat şemalladyň;
— elektrik enjamlaryny işletmäň we öçürmäň;
— 04 telefon boýunça heläkçilige garşy göreş toparyny çagyryň!

Gaz howply!
Gazdan ägä boluň!
Gazy seresaply peýdalanyň!


«Aşgabatgaz» müdirligi


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok