2019-njy ýylyň iýul aýynda Orient.TM habarlar saýtynda tapyndylar býurosy barada habar çykdy. “Tiz tapar” tapyndylar býurosy, raýatlaryň ýitiren goşlarynyň, resminamalarynyň tapyp biler ýaly umumy maglumat bazasynyň döredilendigini we meýletin esasda işledilýändigini aýdylyp geçilýär. InAshgabat redaksiýasy býuronyň esaslandyryjy Ýazberdi Orazberdiýew bilen habarlaşdy we bu býuronyň umumy alyp barýan işleri, häzirki wagta çenli raýatlara beren hyzmatlary, gazanç çeşmeleri barada sowal bilen ýüzlendi. Söhbetdeşimiz umumy pikirleri jemläp okyjylarymyza býuro barada öz makalasyny bize ýollady.
KAKAMDAN GALAN GYMMATLY MIRASY ÝITIRDIM
Biz Türkmenistan boýunça ilkinji we ýeke-täk «Tiz tapar» tapyndylar býuromyzy 2019 ýylyň iýun aýynda açdyk. Ortaça bir günüň dowamynda 7-8 adama kömek etmek bilen, bir zadyny ýitiren adamynyň gaty kyn ýagdaýa düşýändigini, men öz gynançly tejribämden bilýärin.
Sebäbi meniň, 34 ýyl “Türkmenistan” neşirýatynyň Baş suratçysy bolup zähmet çeken, merhum, kakam Juma Orazberdiýewden ýadygärlik galan el sagadyny, soň hem içi resminamaly we maşgala suratlardan ybarat, göwrümi 32 gb bolan elektron göterijini ýitirdim.
BU WAKA YLHAM BOLDY
Ol ýitgilerden hiç-hili habar bolmanyndan soň, men ep-esli wagtlap gynanyp gezdim, ýöne tamamy üzmedim.
Şondan soň men, gündelik durmuşda köp adamlaryň ýitgi bilen baglanşykly her dürli wakalara sezewar bolýandyklaryna üns berip başladym, olara ýürekden kömek edesim geldi we günleriň birinde, «Tiz tapar» tapyndylar býurosyny açmak boýunca pikir kelläme geldi.
Bir zadyny ýitiren adam üçin, dünýäniň bir ýere jemlenýändigi, wagt diýen düşünjäniň bolsa, asla aradan aýyrylyp, diňe ýiten zadynyň tapylmagy barada arzuw edýändigi aýdyňdyr.
ÝITGINI WE EÝESINI DUŞURMAK IŞINIŇ GURAMAÇYLYGY
Şonuň üçin hem adamlar, sagadyň bir çene baranyna, dynç we baýramçylyk günlerine garamazdan bize ýüz tutýarlar, biz hem öz gezegimizde olara tizden-tiz kömek etmäge çalyşýarys.
«Tiz tapar» Tapyndylar býurosynyň ähli hyzmatlary mugt bolup, biziň üçin esasy maksat hem, bir zadyny ýitiren adam bilen, şol zady tapan adamyny duşuşdyrmakdyr.
Şunuň ýaly işi amala aşyrmak üçin, biz ýurdumyz boýunça ýitirilen we tapylan zatlar barada ähli maglumatlary, dürli çeşmelerden toplaýarys we olary işläp, seljerýäris.
MAGLUMAT MERKEZI DÖREDILDI
Şeýlelikde, biz Türkmenistan boýunça ýitirilen we tapylan zatlar barada maglumat toplanýan, ilkinji hem-de ýeke-täk Maglumatlar merkezini döretdik.
Maglumatlar merkeziniň esasy aýratynlygy hem, onuň möhletsizligidir, ýagny, merkeze diňe ýitgi we tapyndy bilen baglanşykly maglumatlar girizilip, olar ömürlik saklanylýar. Munuň beýdilmeginiň sebäbi, haçan hem bolsa bir wagt, ýitgi tapylan ýagdaýynda, ony hakyky eýesine gowşuryp bermekdir.
RAÝATLAR GOWLUKDA AGZYBIR BOLÝARLAR
Şunuň ýaly muzdsuz iş bilen meşgul bolanymyzdan bäri, biz köp sanly ýüregi päk we arassa raýatlarymyza gabat gelýäris. Olaryň hemmesi biziň işimizi makullap, ýitgi we tapyndy bilen baglanşykly hemme gören-eşiden maglumatlaryny bize habar edip, uly goltgy berýärler.
BILDIRIŞ ABUNAMYZ 4105 ADAMA ÝETDI
Gün-günden hem, ýitgi we tapyndy bilen baglanşykly meselä biperwaý garamaýan raýatlarymyzyň sany artyp, biziň ýitgiler we tapyndylar barada berilýän bildirişli internet sahypamyza, gündeki girip, okap-tanyşan adamlaryň sany 4105 adama ýetdi.
Bu biziň üçin gaty tolgundyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy.
Sahypamyza girýän, bildirişlerimizi okap-tanyşýan adamlaryň islendik biri, başga bir adamyň, mümkin öz dogan-garyndaşynyň ýitgisiniň ýa-da tapyndysynyň şaýady bolup, olaryň alkyşyna we uly baýraklaryna mynasyp bolmaga mümkinçilikleri artýar.
Biz özümiziň gysga möhletli iş tejribämizde, her dürli ýitgä we tapynda gabat gelýäris, ýöne hiç bir tapylan zady adamlardan alyp galmaýarys, sebäbi ýokarda belleýşim ýaly, biziň ilkinji we ýeke-täk maksadymyz, bir zadyny ýitiren adam bilen şol zady tapan adamyny duşuşdyrmakdyr.
ÝITGI BARADA BILDIRIŞLERI PAÝLAŞÝARYS, EMMA BU ONUŇ HÖKMÄN TAPYLJAGYNYŇ KEPILI DÄL
Biz hiç bir adama, ýiten zadyny hökmany ýagdaýda tapyp berjekdigimize söz bermeýäris, ýöne, her bir ýitgini tapan adam öz tapyndysy barada bize habar berse, onda biz ýitgisini gözleýän beýleki raýatlara umyt çeşmesi, jemgyýetde bolsa goşant goşmak höwesi döredýär. Biziň üçin iň yatdagalyjy pursat, bu hem, haçanda ýüregine ýakyn zadynyň tapylan wagty, adamlaryň begençden we şatlykdan doly gözleri.
NOBATDAKY ÄDIM: INTERNET SAÝTYNYŇ ÜSTÜNDE IŞLENÝÄR
Sanly ykdysadyýetiň Türkmenistanda-da rowaçlanýan döwründe, “Tiz tapar” tapyndylar býurosy häzirki wagtda internet saýtynyň üstünde işlenilýär. Bu ýagdaýda biz diňe ýurdumyzda däl, eýsäm daşary ýurtlardaky býurolar bilen hyzmatdaşlyk edip halkara derejede ýüz tutup biljek platformasyna öwrüler.
Bir zady ýitiren
ýa-da tapan ýagdaýyňyzda +99361372438 (imo) telefon belgä ýa-da
tiztapar@mail.ru internet poçta habar ediň!
Orazberdiýew
Ýazberdi Jumaýewiç,
esaslandyryjy we baş direktor.
Teswirler
Tañryýalkasyn Size! Спасибо Вам Большое!
Берекелла!Кимин теклиби болсада,коп,коп саг болсун айдасым гелйяр!