Aşgabat şäheriniň 10-njy etrapçasynda hojalyk gazynyň partlamasy netijesinde zeper alan jaýyň ýaşaýjylary şol güniň özünde Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan şäheriň dürli ýerlerinde täze jaýlara ýerleşdirildi.
Häkimligiň metbugat bilen paýlaşan maglumatyna görä, dikeldiş-abatlaýyş işleriniň geçirilýän döwründe zeper alan öýlerde ýaşan 12 hojalyk şäheriň “Parahat-7”, “Gurtly” ýaşaýyş toplumlaryndan we beýleki salgylardan Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky ätiýaçdaky öýlere göçürildi. Şeýle-de ýaşaýjylar zerurlyklaryna görä, hojalykda zerur bolan harajatlar bilen üpjün edildi.
Partlama bolan jaýyň 49-njy öýüniň ýaşaýjysy Hazratow Mälik biziň habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde täze berlen öýüň ähli zerur hojalyk harytlary we enjamlary bilen üpjün edilendigini aýtdy.
Bulardan başga-da raýatlaryň partlama sebäpli zaýalanan öý goşlarynyň, hojalyk enjamlarynyň öwezini dolmak boýunça işler alnyp barylýar.
Saglyk goraýyş edaralary tarapyndan partlamadan şikes alan ýaşaýjylara lukmançylyk we psiologiki kömekler berilýär. Hadysanyň bolan ýerinde dikeldiş-abatlaýyş işleri gije-gündiz togtadylmazdan dowam edýär.
Teswirler