Aşgabat şäheriniň 10-njy etrapçasynda ýerleşýän 4 gatly ýaşaýyş jaýynda gaz partlamasy boldy. Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň beren maglumatlaryna görä hadysa gazyň syzmagyndan ýa-da gaz enjamynyň nädogry ulanyşyndan ýüze çykan bolmagy mümkin. Hadysa 16-njy iýulda sagat 7:20 töwreklerinde boldy.
Bu partlamada heläk bolan ýok. Şikes alan iki raýat degişli tiz kömek lukmançylyk gullugy tarapyndan degişli saglyk merkezine eltildi we bejergi işleri dowam edýär. Munda başga-da ýene bäş raýat dürli derejede şikes aldy. Olara hem zerur lukmançylyk kömegi berildi.
Aşgabat şäher häkimliginiň degişli hünärmeni bu binanyň 1990-njy ýylda ulanylmaga berlendigi, 52 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýydygy baradaky maglumaty metbugat bilen paýlaşdy.
Teswirler