Türkmen halkynyň milli demokratik we hukuk ýörelgeleri öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Şöhratly taryhymyza ser salanyňda, «Il-halkyň bir iş tutsa, sen ondan galyjy bolma» diýip, ata-babalarymyzyň pent-nesihat edişleri ýaly, türkmen jemgyýetiniň her bir döwletli işi halk bilen maslahatlaşylyp çözülipdir.
Binýady berkden tutulan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, ol wajyp ähmiýete eýedir. Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi döwletimiziň halk häkimiýetliligi ýörelgesine ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, döwletimiziň berkararlygynyň mizemezdiginiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda berkden-berk jebisleşen halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň dowamatdowamdygynyň, türkmen halkyna we döwletine täze sepgitleriň, täze tutumlaryň we ösüşleriň garaşýandygynyň, şolara ýetmegiň gözbaşynda bolsa halkyň agzybirliginiň, ýurduň parahatçylygynyň durýandygynyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!» diýen parasatly jümleleri bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkyny Garaşsyz döwletde bagtyýar durmuşda ýaşadýar. Üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Aýnur ORAZGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.
Комментарии