Smart tehnologiýalaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny we geljegi

Smart tehnologiýalar häzirki wagtda diňe tehniki ösüş däl, eýsem jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Akylly ulgamlaryň giňden ornaşmagy bilim, saglygy goraýyş, şäher dolandyryşy we ekologiýa ýaly ugurlarda täze mümkinçilikleri açýar.

Bilim ulgamynda smart tehnologiýalar sanly okuw platformalary, interaktiw tagtalar we onlaýn sapaklar arkaly bilimiň elýeterliligini ýokarlandyrýar. Talyp we mugallymlar maglumatlary tiz alyş-çalşyp, okuw prosesini has täsirli gurap bilýärler. Şeýlelikde, bilim almak diňe bir mekana bagly bolman, dünýä derejesinde giň mümkinçiliklere eýe bolýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda akylly tehnologiýalar saglyk ýagdaýyny uzak aralykdan gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Akylly enjamlaryň kömegi bilen ýürek urşy, gan basyşy we beýleki möhüm görkezijiler yzarlanylýar. Bu bolsa keselleriň öňüni almakda we tiz bejergi çärelerini görmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şäher dolandyryşynda “akylly şäher” (smart city) düşünjesi giňden ýaýraýar. Akylly yşyklandyryş, ulag dolandyryşy we howpsuzlyk ulgamlary şäher ýaşaýşyny has amatly we howpsuz edýär. Ekologiýa taýdan bolsa smart tehnologiýalar daşky gurşawa ýetýän zyýanyň azaldylmagyna ýardam edýär.

Geljekde smart tehnologiýalaryň ösüşi jemgyýetiň ähli ugurlarynda has-da giň gerime eýe bolar. Bu bolsa durnukly ösüşi üpjün edip, adamyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Geldimyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.

Комментарии

Нет комментариев
«Роль женщин в современном обществе: развитие международного сотрудничества на пути достижения Целей устойчивого развития» 2 недели назад

Политика