TÜRKMEN DÜNÝÄSI: Töwratyň hakyky dili – müňýyllygyň bütindünýä syrynyň açyşy

Türkmenistanyň at gazanan ylmy we tehniki işgäri, akademik, geofizika we geologiýa ylmy boýunça professor, global seýsmologiýa, geotektonika, nebitgaz geologiýasy pudagynda bütindünýä abraýyna mynasyp bolan alym Ödek Akçaýewiç Ödekow sowet döwründen bäri köp sanly ylmy işleriniň we haýran galdyryjy açyşlaryň awtory hökmünde tanalýar.

Ýaňy-ýakynda hormatly il ýaşulysy okuwyjylaryň giň köpçüligine Töwratyň hakyky dili bilen tanyşmagy hödürleýän täze täsin kitabyň üstünde işläp gutardy.

Özüniň “Musa pygamberiň Töwrat kitabynyň hakyky dili: müňýyllygyň bütindünýä syrynyň açyşy” atly monografiýasynda alym Gadymy Töwratyň bir bölegi bolan we Musa pygamberiň üsti bilen diňe “ýewreý” halkyna iwrit dilinde indirilen Töwratyň diline degişlilikde müňýyllygyň nädogry pikiriniň çözgüdine getirýär. Iudaizmiň esasy pygamberi bolan Musa biziň eýýamymyzdan öňki 1571-nji ýylda, ýagny häzirkizaman iwrit dili bolan iudeý diliniň döremeginden iki ýarym müň ýyl mundan ozal doguldy.

Diňe bir çekimsiz seslerden durýan Töwratyň asyl nusgadaky ýazgylary biziň eýýamymyzyň VI-X asyrlarynyň dowamynda çekimli sesler bilen doldurylyp, Ybraýym we Musa pygamberleriniň döwründe ýewreý etnosynyň bolmaşy ýaly, heniz emele gelmedik ýewreý dili bolan iwrit diline geçirmäge ýardam etdi.

Geçiren netijeli barlaglaryna esaslanyp we faktlara daýanmak bilen, özüniň täze gözleglerinde Ödek Akçaýewiç Töwratyň adamzadyň asyl dili bolan türkmen dilinde Musa pygamberiň üsti bilen indirilen Keramatly peşgeşdigini subut edýär.

Töwratyň dürli goşgularyny düşündirmek bilen, alym Düşündirişli Injilde türkmen dilini ýatladýan sözleriň saklanýandygyna ünsi çekýär, mysal üçin – ýewreý dilindäki “ber eşit” türkmen dilinde “eşitmäge ber” söz düzümi bolup durýar.

– Mende ýewreý dilinde, ýa-da iwrit, idiş dillerinde hiç hili kitaplaryň ýokdugyna garamazdan, Düşündirişli Injilde men ýewreý sözleriň gözläp tapyp, çekimli sesleri aýyryp, öz çekimli seslerimi goşmagy dowam etdim. Şunlukda türkmen sözleri ýüze çykyp başlady- diýip Ödek Akçaýewiç belläp geçýär. – Şeýlelikde, men özümiň täze kitabymy ýazdym. Monografiýa 2015 ýylda tamamlandy, we şol wagt meniň agtygym iňlis dilindäki terjimesi bilen iwrit dilinde Töwratyň – Barlyk, Ahyrýet we Lewitden ybarat bolan  üç bölegini ugradýar. Şondan soň men Töwratyň asyl nusgasynda okyjylarda tankydy pikirleri oýarýan goşgulary terjime edip başladym. Soňra kitabyň 7-nji goşmaça babynda men goşgularyň türkmen we rus dillerindäki hakyky düşündirilişiniň mysallaryna garalyp geçilýän ýörite goşunda okyjylaryň ünsüni çekdim.

Kitabyň aýratyn bölümlerinde Ödek Ödekow pygamberleriň we olaryň nesilleriniň atlarynyň semantikanyň esasynda üsti açylan hakyky manysyny açyp görkezýär, ýewreý halky bilen hiç bir umumylygy bolmadyk hudaý tarapyn saýlanan pygamberleriň halkyýet degişliligi meselesini gozgaýar. Monografiýanyň köp bölegi mukaddes ýazgylaryň fragmentar derňewi getirilýän Keramatly peşgeş bolan Töwratyň dogrulygynda tankydy pikirleri döredýän ýoýulan ýazgylaryna bagyşlanan. – Belki men ýalňyşýandyryn, ýa-da belki bu tötänleý gabatlaşmadyr diýen ýaly şübhelerim hemişe bardy, emma mukaddes ýazgylaryň üstünde işlämde, men birinji, ikinji, üçünji goşguny terjime edemde, olaryň ählisi türkmen dilindedi –  diýip Ödek Akçaýewiç sözüni dowam edýär. – Töwratyň hakyky dili hakyndaky açyşymyň dogrulygyna göz ýetiremde, mende dörän duýdularyň çeni-çaky ýokdy. Şeýle duýgulary men diňe mundan birnäçe ýyl ozal, “Ýer titremeleri çaklamagyň usullary” atly açyşymyň garşydaşlarymyň garşy durmagyna garamazdan tassyklanan wagty başdan geçiripdim.

Eseriň soňlamasynda alym çekimli sesler bilen doldurylan Töwratyň asyl nusgasynyň, şeýle-de Gadymy Töwratyň galan kitaplary hem ýewreý alymlary- rawwinleriň ýigrimi bäş nesili tarapyndan bäş asyryň (b.e. VI-X aa) dowamynda toslanyp tapylan, bilkastlaýyn, ulgamlaýyn, bütindünýä galp önümi bolup durýar diýen netijä gelýär.

Teswirler

Şabahram Çaryýew

Dünýä belli alymlarymyzyň barlygy guwandyryjy. Jany sag galamy ýiti bolsun