Küşt bilen bagly täsin maglumatlar

  • Nazary (teoriýa) taýdan küşt oýnunda iň köp 5870 göçüm edip bolýar.
  • Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda Nikolik bilen Arsowiçiň arasynda bolup, oýun 269 hereketden soň deňme-deň tamamlandy.
  • 1988-nji ýylyň noýabr aýynda Kaliforniýanyň Long Biçdäki “çuňňur pikir” diýlip atlandyrylýan kompýuter, grossmeýsteri ýeňen ilkinji kompýuter boldy.
  • Şah mat sözi küşt terminine pars dilinden gelip goşulandyr. “Şah mat” pars dilinde “şa öldi” diýmekligi aňladýar.
  • Küşt tagtasynda atyň öwrüp bilýän 122 million hereketi bar.
  • Albert Einşteýn küşt çempiony Emanuel Laskeriň ýakyn dostudyr, “New-York Times” gazetine beren interwýusynda, ol özüniň haýsydyr bir oýun oýnamaga wagtynyň ýokdugyny aýtdy.
  • Iňlis dilinde ikinji çap edilen kitap – küşt hakyndadyr.
  • Bütin dünýäde takmynan 600 000 000 adam küşt oýnamagy başarýar.

Maglumaty toplan:
Ýazmuhammet HÜMMEDOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok