Ösüşiň täze trendleriniň bilim ulgamyndaky orny

Dünýä jemgyýetiniň her gün täze tehnologiýalar we hyzmatlar bilen tanyşýan​ döwürde, ykdysadyýetiň hem diwersifikasiýalaşmagy​ tebigy ýagdaý. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda diwersifikasiýalaşmagy​ bolsa diňe bir sarpedilýän​ önüm we hyzmatlaryň däl, eýsem bu tehnologiýalary, “know​-how”lary​ işläp düzjek, marketing etjek täze hünärleriň we bilim hyzmatlarynyň döredilmegi we ýola goýulmagy zerur mesele bolup durýar.

Şu sebäpden Türkmenistanda bilim ulgamynda dünýäniň täze trendlerine​ aýakdaş reformlar​ alnyp barylýar. Çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň sany artýar, öňküleriň durky täzelenýär. Ýokary okuw mekdepleriniň sanlary artdy we düzümleri täzelendi. Ýörite hünär orta mekdeplerinde hem senagatda we önümçilikde zähmet çekip biljek ökde hünärmenleri ýetişdirmäge degişli işler alnyp barylýar.​

Täze okuw ýylynda orta hünär okuw mekdeplerine 9063, ýokary okuw mekdeplerine 12242 talyp kabul edildi. Jemi 2800 orunlyk 5 sany orta mekdep (Ahal welaýatynda 2, Lebap welaýatynda 1, Mary welaýatynda 2), şeýle hem Aşgabatda çagalar bagy açyldy (çeşme). Käbir ýokary okuw mekdepleri täzelenen düzümi bilen täze okuw ýylyna başlady.​

Türkmenistanda jemi 25 ýokary okuw mekdebi we 44 ýörite orta hünär mekdebi hyzmat berýär.​

Bu ýyl ýokary okuw jaýlaryna ilkinji gezek talyp bolup alnanlaryň sany geçen ýylka​ garanda 3392 adam has köpdür. Ýagny 2018-nji ýylda 8850 adam kabul edildi. 2019-njy ýyl bolsa 12242 adam boldy.​

Bu sanyň 66 göterimi, has takygy 8054 sany talyp tölegli esasda alyndy.​

Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde 33 ugur boýunça ilkinji gezek talyp kabul edildi. Türkmenistanyň Telekomunikasiýa ​ we informatika instituty bolsa şu ýyl ilkinji gezek talyp alyp, okuw ýylyna başlady.​

ORIENT internet saýtynda çykan habara görä 2018-nji ýyldaky statistikalara görä Türkmenistanda 2017/2018-nji​ okuw ýylynda ​
– 1860 umumy bilim berýän orta mekdep bar;
– bu mekdeplerde 1203,9 müň okuwçy bilim alýar (öňki ýyla garanda 4 ,9 % köp);
– bu mekdepleriň 90 ,8 %-i​ interaktiw multimedia enjamlary bilen üpjün edilen;
– bu mekdepleriň 66 %-i​ oba ýerlerinde, 34 %-i​ bolsa şäherde ýerleşýär;
– bu mekdeplerde 77,4 müň mugallym zähmet çekýär;
– 198 mekdepden uzadylan gün toparlary hereket edýär;
– uzadylan toparlarlaryň​ hyzmatyndan 30,9 okuwçy peýdalanýar;
– 17 ýörite mekdep-internatlar​ bar;
– mekdep-internatlarda​ 3,9 müň okuwçy bilim alýar;
– 93 sany sazçylyk we sungat mekdepleri bar;
– sazçylyk we sungat mekdeplerinde 17,1 okuwçy okaýar;

Mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bolsa, ýurduň geljekki eýeleriniň bilim taýdan dünýä trendleri​ bilen aýakdaş bolmagy başarjakdygyny​ görkezýär. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Ministrler​ kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki habasata​ görä Türkmenistanyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde 136 medal (33 altyn, 31 kümüş we 72 bürünç), internet bäsleşiklerinde 108 medal (52 altyn, 22 kümüş, 34 bürünç) gazandylar. Türkmenistana wekilçilik eden talyplar halkara ders bäsleşiklerinde 29 medala (5 altyn, 10 kümüş, 14 bürünç) we 23 diploma, halkara internet bäsleşiklerinde 153 medala (30 altyn, 64 kümüş, 59 bürünç) we 67 diploma mynasyp boldular. Bu görkezijiler artmaga​ dowam edýär.

Möhletli okuw hyzmatlary berýän bilim ojaklary hem rowaçlanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň garamagynda tölegli esasda dil we hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary hödürlenýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky “Diller dünýäsi” okuw merkezi her geçen gün öz berýän bilim hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär. Daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygyndan​ başda-da, mekdebe çenli çagalaryň taýýarlyk okuwlary berilýär. Halkyň bu okuw merkezinde bilim almaga islegi bolsa günsaýyn artýar. Ýaňy ýakynda bolsa “Diller dünýäsi” okuw merkezi diňleýjilerden gelýän talaplardan ugur alyp, iňlis dilinde matematika, fizika, himiýa ýaly takyk dersleri boýunça möhletli okuwlary hödürläp başlady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyndaky “Telekeçiler mekdebi” birnäçe ýyldan bäri hyzmat berýär. Ol telekeçilik ýoluny saýlap alan ýa-da telekeçilik etmegiň esaslaryny öwrenmek isleýän raýatlar üçin tölegli esasda okuw hyzmatlaryny berýär. Mundan başga-da diňleýjileri islegleri esasynda daşary ýurt dilleri, takyk ylymlar boýunça-da gysga möhletli okuwlar guralýar. “Telekeçiler mekdebiniň” häzirki wagtda ähli welaýatlarda şahamçasy bar.

Mundan daşary hem hususy eýeçilige degişli möhletli okuw merkezleriniň sany günsaýyn artýar. Häzirki wagtda ähli welaýatlarda hususy möhletli okuw merkezleri Bilim ministrliginiň berýän ygtyýarnamasy​ esasynda raýatlara daşary ýurt dilleri, buhgalteriýa, kompýuter sowatlylygy ýaly ugurlar boýunça bilim berýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Bilim ministrliginiň hyzmatdaşlygynda bolsa täze proýektiň​ üstünde işlenilýär. Bu proýekt hususy eýeçilige degişli ýokary okuw mekdebi. Täze açyljak biznes mekdebinde bazar ykdysadyýetiniň günümizdäki​ we geljekki talaplaryna jogap berjek 17 kafedra we 25 hünär ugry boýunça bilim berilmegi meýilleşdirilýär.​

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynda hususy eýeçilige degişli bilim ojaklarynyň sanynyň artdyrmak degişli pudak edaralarynyň öňünde goýulan wezipeleri hatarynda durýar.

Bu ugurdaky ösüşlerde halkara hyzmatdaşlyklar has oňyn netijelerini berer. 2019-nji​ ýylyň 14-15-nji​ noýabrynda geçirilýän «Bilim we sport berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahata 17 döwletden 116 gatnaşyjynyň​ 58 -i​ daşary ýurtly bilim edaralarynyň wekilleri. Ýer ýyl geçirilýän bu halkara sergi we maslahat bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk üçin möhüm ädim bolup hyzmat edýär.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň işjeň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok
inAshgabat-arrow

Афиши - куда сходить?