“Altyn damja” dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bäsleşdiler

Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesinde ýerleşýär dynç alyş merkezlerinde çagalar üçin lager dynç alyşlary dowam edýär.

Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary “Altyn damja” dynç alyş merkezinde wagtlaryny doly geçirýärler.

Bugünlerde Gökderedäki lagerlarda şadyýan çagalaryň sesinden ýaňa jagylda-jugul. "Altyn damja" dynç alyş merkezi hem ýaş raýatlar üçin iň ýokary derejede hyzmat berýär.

Bugün lagere gatnaşýanlar sportuň dürli ugurlar boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşlarda öňe saýlanan çagalara Ýaşlar guramasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok
inAshgabat-arrow

Афиши - куда сходить?